BIZNES

Katar dünýä çempionaty üçin 200 mlrd dollar sarp etdi

Katar döwleti özünde geçirjek futbol boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek üçin 200 milliard dollar sarp etdi. Futbol ýaryşy 2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda başlaýar.

Bu barada Kataryň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi şeýh Ahmed ben Naser ben Jasim Al Tani habar berdi. Dünýä çempionaty 21-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda bäş şäherde we sekiz stadionda geçiriler.

“Häzirki wagtda döwletimiz ýaryşy guramak üçin takmynan 200 milliard dollar sarp etdi” -diýdi ilçi belledi. Bu maliýe serişdeleri stadionlar, metro, howa menzilleri, täze şäher we port gurmak üçin çykdajylary öz içine alýar.

– Dünýä çempionaty bilen köplenç baglanyşykly 200 milliard dollarlyk möçber Kataryň milli ösüşi we döwrebaplaşdyrylmagy üçin göz öňünde tutulan ägirt uly strategiýanyň bir bölegidir. Toparlar we janköýerler tarapyndan 2022-nji ýylda täze ýollar, metro we howa menzili, şeýle hem myhmanhanalar we syýahatçylyk desgalary ýaly ulanyljak esasy infrastruktura taslamalarynyň köpüsi, ýaryşy geçirmäge hukugymyz bolmazdan ozal meýilleşdirilipdi. Bu taslamalar islendik ýagdaýda amala aşyrylardy, ýöne dünýä çempionaty elbetde ähli işleri çaltlaşdyrdy we ýurdumyz 2022-nji ýylda Katara 1,5 million janköýeri kabul etmäge taýýar – diýip, dünýä çempionatyny guramak boýunça komitetiň aragatnaşyk boýunça ýerine ýetiriji direktory Fatma Al-Naimi hem belläp geçýär.

 

Dünýäde çagalar nähili sanjym edilýär?

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 40 milliard 230 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşy

Eýranda 1.7 million awtoulag öndüriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň ikinji duşuşygy

Türkmenistanda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnalar

“Sanly karz” ulgamy hyzmaty ornaşdyrylýar