TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Jo Baýden koronawirus bilen keselledi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň “COVID-19” lukmançylyk barlag netijenamasy pozitiw çykdy. Bu barada Ak Tamyň metbugat sekretary Karin Žan-Pýer belläp geçdi.

– Jo Baýdeniň koronawirus ýokanjy üçin beren synag netijenamasy pozitiw çykdy – diýip, Žan-Pýer belledi.

Berilýän maglumata görä, Amerikanyň Prezidenti bu keseliň ýeňil görnüşini başdan geçirýär. Ol uzaklaşdyrylan görnüşde wezipe ygtyýarlyklaryny dowam etdirer. Ýöne döwlet Baştutanynyň öz jogapkärçiliklerini doly ýerine ýetirjekdigi mälim edildi.

79 ýaşyndaky Prezident koronawirus ýokanjyna garşy doly sanjym aldy, galyberse-de 2 sany buster sanjymyny hem aldy we onda bu keseliň ýeňil alamatlary ýüze çykdy.

Metbugat neşirleriniň habar bermegine görä, häzirki wagtda Baýden “Paxlovid” derman serişdesini ulanýar. Bu derman serişdesi ABŞ-nyň “Pfizer” kompaniýa tarapyndan taýýarlanyp, ol koronawirus ýokanjynyň köpelmeginiň öňüni almaga mümkinçilik berýär.

AK Tamyň koronawirus ýokanjy boýunça utgaşdyryjysy lukman Aşiş Ja Prezidenti Jo Baýdeniň temperaturasynyň ýokdugyny, gury üsgülewük we ýadawlyk ýaly biynjalyklarynyň bardygyny belledi.

– Men gow. aladaňyz üçin köp sag boluň – diýip, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden özüniň “Twitter” jemgyýetçilik torunda saglyk ýagdaýy barada beýanat berdi.

Mälim bolşy ýaly, ABŞ-nyň Prezidenti golaýda Saud Arabystanynda we Ysraýylda döwlet saparynda boldy. Ol 20-nji iýulda ýurduň Massaçusets ştatynda bolup, birnäçe çärelere gatnaşypdy.

 

 

Prezidentleriň sammiti: gazanylan ylalaşyklar we teklipler

 

Ýene-de okaň

Epos gürrüň berip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Merkezi Aziýa – Russiýa sammiti Astanada geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Teswirle