SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Jemgyýetçilik ulaglarynda örtük düzgüni ýatyryldy

Türkiýe Respublikasynda jemgyýetçilik ulaglarynda hem agyz-burun örtügini dakynmak zerurlygy ýatyryldy. Ýurtda 3 gün yzly-yzyna koronawirus ýokanjynyň alamatlary ýüze çykýan näsaglaryň sany 1000-den aşak bolan halatynda, jemgyýetçilik ulaglarynda hem örtük dakynmagy ýatyrmak göz öňünde tutulypdy.

Şeýle ýagdaý emele geldi. Soňky 3 günüň dowamynda koronawirus wakalaryň sanynyň azalmagy bilen jemgyýetçilik ulaglarynda örtük zerurlygy ýatyryldy. Bu barada beýanat beren saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja:”Hassahanalardan başga ýerlerde örtük zerurlygy aradan aýryldy. Emma emele gelen tejribeden soňra ilki bilen jemgyýetçilik ulaglarynda we köp adamly ýerlerde ýanymyzda örtük götermek has maksadalaýyk bolar” diýip belledi.

Şeýle hem Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň baş müdiri Bilal Ekşi hem özüniň jemgyýetçilik torundaky sahypasyndan beren beýanatynda:” Ertir, sizi çyn ýürekden örtüksiz ýylgyryp, garşy alarys. Hemmämiz bilelikde düzgünleri berk berjaý edip, üstünlik gazandyk. Indi ýylgyrmak wagty” diýip belledi.

 

Bill Geýtsden täze pandemiýa barada…

Ýene-de okaň

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri