SPORT

Jeki Çan Olimpiýa oýunlarynyň alawyny göterdi

Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň 3 günlük Olimpiýa alawynyň ýörişi dowam edýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Olimpiýa oýunlarynyň ýörişine 1200-den gowrak jemgyýetçiligiň dürli gatlagyndan adamlar gatnaşýar. Olaryň hatarynda sport türgenleri, meşhur sungat işgärleri we mekdep okuwçylary hem bar.

Ine, şolaryň biri hem meşhur aktýor Jeki Çandyr. Ol XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawyny göteriji 30-njy adam boldy. Ol Olimpiýa oýunlarynyň alawyny beýik Hytaý diwarynyň bir böleginde göterip geçdi.

68 ýaşyndaky aktýor ikinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň alawyny götermegiň özi üçin uly abraýdygyny belläp, ol 2008-nji ýylda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda hem alawy göteriji bolupdy.

Çeki Jan beýik Hytaý diwarynda howanyň 10 dereje sowukdygyna garamazdan,  Olimpiýa alawynyň ýörişine gatnaşýan türgenleriň, žurnalistleriň we meýletinçileriň ýüzündäki bagt ýylgyryşlary ýüregini gyzdyrandygyny belläp geçdi.

– Ir sagat 4-de turdum. Bu meniň dördünji Olimpiýa oýunlarym. Men gaty begenýärin – diýip, Jeki Çan ýörişden soňra habarçylara beren interwýusynda belläp geçdi.

 

 

GyÅŸky Olimpiýa oýunlary barada…

Ýene-de okaň

Özbegistanda Merkezi Aziýanyň iň uly stadiony gurulýar

Ronaldo soňky dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Türkmen samboçylary Bişkekdäki 2025-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň ilkinji gününde iki medala eýe boldular

Ata Watan Eserleri

Dewid Bekhem rysarlyk derejesini aldy

Keýn “Bawariýadan” “Barselona” toparyna geçip biler

Ata Watan Eserleri

Mbappe “Altyn aýakgap” baýragyna mynaysp boldy