TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Gyşky Olimpiýa oýunlary barada…

Halkara Olimpiýa Komitetiniň maglumatlaryna laýyklykda, XXIV gyşky Olimpiýa oýunlary 4-20-nji fewral aralygynda Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde geçiriler. Bu Olimpiýa oýunlarynda 2 müň 871 türgen baýrakly orunlary eýelemek üçin bäsleşerler.

Umuman, gyşky Olimpiýa oýunlarynda iň köp tapawutlanan türgenleriň sanawynda birinji üçlükde Norwegiýanyň türgenleri bar. 8 altyn, 4 kümüş we 3 bürünç, jemi 15 medal gazanan norwegiýaly lyžaçy Marit Býorgen iň netijeli türgenleriň biridir.

BÝORGEN PEKINDÄKI ÝARYŞA GATNAŞMAÝAR

Bu türgen 5 Olimpiýa oýunlarynda medal gazanmagy başardy. 41 ýaşyndaky türgen gatnaşan bu Olimpiýa oýunlarynda köp sanly medallary gazandy.

Dürli ýaryşlarda umumylykda 26 medal gazanan Býorgen 2020-nji ýyldan bäri kiçi ýaryşlara gatnaşýar.

BIATLONYŇ USSADY – BÝORDALEN

Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň iň netijeli türgenlerinden biri hem Ole Eýnar Býordalendir. Norwegiýaly bu türgen biatlon sportunyň ussadydyr. 48 ýaşyndaky bu türgen 6 gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdy. Gyşky Olimpiýa oýunlarynda 8 altyn, 4 kümüş we 1 bürünç medal alan Býordalen häzirki wagtda dynç alýar.

ZENAN TÜRGENLERIŇ SANY BOÝUNÇA REKORD

Pekin şäherinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlary köp sanly türgeniň gatnaşjak sport ýaryşlarynyň biri bolar. Bu ýaryşa 91 döwletden 1581 erkek we 1290 zenan, jemi 2 müň 871 türgen gatnaşýar. Şeýlelikde, Pekindäki gyşky Olimpiýa oýunlary zenan türgenleriň iň köp gatnaşan sport ýaryşlarynyň biri bolar.

Ilkinji gezek gyşky Olimpiýa oýunlary 1924-nji ýylda geçirildi. Şondan bäri, bu ýaryşa 22 müň 253 erkek we 9 müň 343 zenan, jemi 31 müň 596 türgen gatnaşdy.

1924-nji ýylda geçirilen ilkinji gyşky Olimpiýa oýunlaryna 247 erkek we 11 zenan türgen gatnaşdy. 1940-njy we 1944-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşy döwründe bu ýaryş geçirilmedi. 1948-nji ýyldan bäri, gyşky Olimpiýa oýunlary geçirilip gelinýär.

IŇ KÖP ABŞ-DA GEÇIRILDI

98 ýyllyk taryhy bolan gyşky Olimpiýa oýunlary iň köp ABŞ-da geçirildi. ABŞ bu ýaryşlary 4 gezek, Fransiýa 3 gezek gurnady. 2026-njy ýylda Milan we Kortina d’Ampesso şäherlerinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlary bilen Italiýa hem bu ýaryşy 3-nji gezek gurnar.

Şweýsariýa, Norwegiýa, Italiýa, Awstiýa, Ýaponiýa we Kanada ýaly döwletlerde gyşky Olimpiýa oýunlary 2 gezek geçirildi. Russiýa, Germaniýa we Günorta Koreýa ýaly ýurtlar bu oýunlary 1 gezek gurnadylar.

Ilkinji gezek gyşky Olimpiýa oýunlaryny gurnaýan Hytaý bu ýaryşy geçirmäge hukuk gazanan 13-nji döwlet bolar.

 

Hytaý türkmen ýaşlaryna bilim bermäge taýýar

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle