TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Italiýanyň beýik alymy

Şu gün 15-nji aprel – Bütindünýä sungat güni. Bu halkara baýram dünýä ýurtlarynda her ýyl dabaraly bellenilip geçilýär. Şeýle hem bu gün dünýä meşhur italýan suratkeşi, matematik, inžener, alym Leonardo da Winçiniň doglan güni.

1452-nji ýylyň şu gününde Leonardo da Winçi dünýä inýär. Heniz ol çaga wagty özüniň gelejekde buýsanç bilen ýatlanjak meşhur adama öwrüljekdigi baradaky pikir  aňyna hem gelmändir.

Alym surat çekmek sungatyna giç başlanlygyna garamazdan, esli wagtyň içinde dünýäni haýrana goýýan eserleri döretmegi başarýar. Leonardo da Winçi öz döwründe Renessans sungatynyň esasyny goýmak bilen, taryhda beýik açyş edýär. Suratkeş XVI asyra degişli bolan “Mona Liza” atly eserinde zenanyň häsiýetini, näzikligini ýokary çeperçilik bilen açyp görkezmegi başarypdyr. Leonardo da Winçi inženerçilik ugrundan öz döwrüniň ylmyna uly goşant goşýar. Italýan alymy Leonardo da Winçi filosof hökmünde hem dünýä ýüzüne özüni tanatmagy başardy.

Suratkeşiň döredijiligini öwrenmek üçin ýazylan ýazuw ýadygärliklerinden 7 müň sahypa golaý gollanma biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Dünýä meşhur italýan alymy 67 ýyl ömür sürýär. Ol şol ömrüniň dowamynda birnäçe şägirtleri ýetişdiripdir. Häzirki wagtda bu beýik alymyň döreden sungat eserleri dünýäniň meşhur muzeýlerinde saklanylýar.

 

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 talyby.

 “Google” we “Atavatan” saýty bäsleşýär: häzirlikçe “Google” öňde

 

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle