TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝETSPORT

Italiýa – Ýewropanyň täze çempiony

11-nji iýunda başlan futbol boýunça 16-njy Ýewropa çempionaty tamamlandy. Italiýanyň ýygyndysy çempion boldy. Italiýanyň taryhynda 2-nji gezek Ýewropanyň çempiony boldy. Ol hem 53 ýyldan soňra amala aşdy. Mundan ozal italiýalylar 1968-nji ýylda Ýewropanyň çempiony bolupdy.

Duşuşyga köp sanly meşhur şahsyýetler bilen bir hatarda Beýik Britaniýanyň şa maşgalasynyň agzalary hem tomaşa etdi. Şazada Uilýam we onuň maşgala agzalary hem myhmanlaryň arasynda ornuny aldy.

Londondaky “Uembli” stadionynda 60 müňe golab janköýeriň gatnaşmagynda final duşuşygy geçirildi. Onda Italiýanyň we Angliýanyň ýygyndylary duşuşdy. Ilkinji gezek Ýewropa çempionatynda finala çykyn Angliýanyň ýygyndysy duşuşyga çalt başlady. Eýýäm oýnuň 2-nji minutynda Angliýanyň goragçysy Lýuk Şow hasaby açdy. Bu gol  Ýewropa çempionatynyň finalynda geçirilen iň çalt gollaryň biri boldy. Duşuşygyň 1-nji ýarymy Angliýanyň 1:0 hasabyndaky üstünligi bilen tamamlandy.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda has erjel oýnan italiýalylar 67-nji minutda Bonuççi bilen hasaby deňledi. Soňra duşuşykda başga gol bolmady.

Oýnuň 90 minuty 1:1 hasabynda tamamlandy. Duşuşyga 30 minut goşmaça wagt goşuldy. Onda-da ýygyndylara gol geçirmek başartmady.

Netijede oýnuň ykbalyny, has takygy Ýewropanynyň çempionyny 11 metrlik jerime urgulary kesgitledi.

11 metrlik jerime urgylarynda Italiýanyň ýygyndysy üstünlik gazandy. Italiýanyň ýygyndysynyň derwezebany Janluiji Donarumma garşydaşlarynyň 11 metrlik jerime urgularyny saklap, Italiýany çempion etdi.

Italiýa bilen Angliýanyň ýygyndylary mundan öň özara 27 gezek duşuşyk geçirdiler. Şolarda Italiýa 11, Angliýa 8 gezek ýeňiş gazandy. 8 duşuşyk hem deňlikde tamamlandy. Gollarda 32-31 Angliýa öňde. Olaryň arasyndaky ilkinji 8 duşuşykda (hemmesi-de ýoldaşlyk duşuşygy) italýanlara ýeňiş gazanmak başartmandy (4 ýeňliş, 4 deňlik). Şol duşuşyklar 1933-1961-nji ýyllar aralygynda oýnaldy.

Şeýlelikde, ýeňilmän gelýän Italiýanyň ýygyndysy ýeňilmeýän duşuşyklarynyň sanyny 34-e ýetirdi. Umuman, Ýewropa çempionatynyň ähli duşuşyklarynda Italiýa ýeňiş gazandy.

 

Türkmenistanyň bazary we söwda mümkinçilikleri

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: parlament ugry boýunça ylalaşyga gol çekildi

“Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan” üçtaraplaýyn sammiti Awazada geçiriler

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Teswirle