“Inter” 11 ýyldan soňra çempion boldy

Italiýanyň “Inter” topary 2010-njy ýyldan soňra çempion bolmagy başardy. Topar 2020-2021-nji möwsümde wagtyndan öň çempion bolmagy başardy. 19-njy gezek çempion bolmagy başaran “Inter” topary “Ýuwentusyň” çempionlyk üstünliginiň öňnüe geçdi.

Antonio Konteniň ýolbaşçylygyndaky “Inter” topary onuň esasy bäsdeşi “Atalanta” topary “Sassuolo” toparyny 1:1 hasabynda deňme-deň oýnandan soňra çempionlygy yglan etdi.

“Interiň” çempionlyk ugrundaky esasy bäsdeşleri çempionatyň 4 tapgyrynyň galandygyna garamazdan, onuň yzyndan ýetmek mümkinçiligini giderdi. “Inter” toparynyň utuk sany 82-1 deň bolan bolsa, “Atalanta” bilen “Milan” toparlary 69 utukda galdy.

“Inter” topary 2009/10-njy ýylyň möwsüminden soňra täzeden çempion bolmagy başardy. Bu toparyň umumylykda 19njy çempionlygydyr.

2012-nji ýyldan bäri Italiýada “Ýuwentus” topary çempion bolup gelýär. “Inter” bu üstünligiň hem öňüne geçdi.

 

“Zenit” – Russiýanyň çempiony