TEHNOLOGIÝA

“Instagram”, “Facebook” we “WhatsApp”: global näsazlyk

Düýn agşamara (sagat 20:40) dünýäde milliardlarça adama täsir edýän ýagdaý emele geldi. Dünýäniň iň meşhur jemgyýetçilik torlary bolan “Instagram” we “Facebook”, şeýle hem habarlaşmak platformy bolan “WhatsApp” hyzmatlarynda näsazlyk  boldy. Bu üç Applikasiýa eýeçilik edýän “Facebook” kompaniýasynyň jemgyýetçilik boýunça müdiri Andy Stone “Twitter” hasabyndan ulanyjylara ýüzlendi we Applikasiýalarda we önümlerinde näsazlygyň emele gelendigini kabul etti. Ol öz beýanynda, mümkin bolan iň gysga wagtda näsazlygy aradan aýyrmak üçin işleýändiklerini belleýär we şeýle ýagdaýyň emele gelmegi sebäpli ötünç soraýar. Näsazlyk bu habaryň saýtymyza ýerleşdirilen sagady bolan gije ýarysy 02:06-de hem dowam edýärdi.

Bu ýagdaý emele gelenden soňra “Facebook” kompaniýasynyň Nýu-Ýork biržasyndaky aksiýalarynda 5 göterimden gowrak pese gaçyşyň emele gelendigi bellenilýär. “Facebook” Applikasiýasynyň häzirki günde 2,89 milliard ulanyjysy bar. Bu görkeziji “YouTube”-de 2,3 milliard, “WhatsApp”-da 2 milliard, “Instagramda” bolsa 1,38 milliard ulanyja barabardyr.

Dünýäde näçe web saýt hereket edýär?

Ýene-de okaň

Türkmenistan Şanhaýda geçirilýän Bütindünýä emeli aň maslahatyna gatnaşýar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy “Robototehnika” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna 5G tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi