TEHNOLOGIÝA

Ine, “Huawei” şereketiniň täze elektrikli ulagy

“Huawei” şereketiniň 3 sany ulag öndüriji şereket: “BAIC”, “GAC Aian” we “Changan Automobile” bilen şertnama baglaşandyklary geçen aýlarda mälim bolupdy. Şereket häzirki wagtda “BAIC” bilen bilelikde öndürjek “Alpha S” modellerini satuwa çykarypdy.

“China Business News”-den gelen iň soňky habarlara görä, “Changan Automobile” şereketiniň ýolbaşçysy “Huawei” bilen bilelikde işleme meýilnamasyny mälim etdi we “Huawei” hem-de “CATL”- iň täze akylly elektrikli ulagyň üstünde birnäçe işleriň alnyp barylýandygyny, ýakyn wagtda bu ulagy satuwa çykarjakdyklaryny aýtdy. Bu ulagyň şu ýylyň soňunda satuwa çykmagyna garaşylýar.

“Changan Automobile” şereketiniň ýolbaşçysy Žu Huarong şereketiň “EPA0”, “EPA1” we “EPA2” atly 3 platforma gurjakdygyny aýtdy. Öňümizdäki 5 ýylyň içinde 26 sany täze elektrikli ulaglaryň tanyşdyrylyşy geçiriler. Üstümizdäki ýylda hem iki şereketiň akylly elektrikli ulagy tanyşdyrar.

Alnan habarlara görä, “SAIC” jübüt 5G sertifikatyny alan ilkinji ulag bolar. Bu ulaga birikdiriljek “5G V2X” tehnologiýasy internetiň üsti bilen ulagy dolandyrma mümkinçiligini hödürleýär.

 

Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby

 

 

Maşgala, är-aýal hakynda nakyllar Iňlis dilinde

 

 

Ýene-de okaň

Gazagystan bilen Hytaý emeli intellekt barlaghanasyny döreder

Russiýada hem aerotaksiler peýda bolup biler

Merkezi Aziýada emeli aň: strategiýalar we geljekki meýilnamalar

“Boeing”: awiasiýa üçin 20 ýylda 2 milliondan gowrak hünärmen gerek

“OpenAI” kompaniýasy täze “o3-mini” emeli aň modelini tanyşdyrdy

Norwegiýa ilkinji bolup doly elektrikli ulaglara geçip biler