TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Indzagi “Interiň” täze tälimçisi boldy

Simone Indzagi Italiýanyň “Inter” toparynyň täze tälimçisi boldy. Ozal bu ýurduň “Lasio” toparyna tälim beren Indzagi täze topary bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy.

45 ýaşly hünärmen tälimçi wezipesinden meýletin çekilen Antonio Konteniň ýerine geldi. Geçen möwsümde Italiýanyň çempionatynda “Inter” toparyny 11 ýyldan soňra çempion eden Antonio Konte toparyň ýolbaşçylary bilen ylalaşyp bilmedi.

Indzagi 1999-njy ýyldan 2010-njy ýyla çenli “Lazio”-nyň futbolçysy bolup, Italiýa çempionatynda, Italiýa kubogynda (üç gezek) we Italiýanyň Super kubogynda, şeýle hem UEFA Super kubogynda ýeňiji boldy.

Indzagi 2016-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli “Lazio” toparyna toparyna tälim berip, topar bilen Italiýa kubogyny we iki gezek Italiýanyň Super kubogyny gazandy.

 

Dünýädäki iň iri gymmatbaha awtoulag ýygnaýjysy

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle