TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Iň köp ulanylýan parollar

Beýik Britaniýanyň milli kiberhowpsuzlyk gullugy, ulanyjylaryň parollary baradaky täze gözlegleriniň netijelerini paýlaşdy. “BBC” habar gullugynyň habar bermegine görä, jemgyýetiň 60% göterimi bilip bolaýjak parollary (açar sözüni) ulanýarlar. Dünýä ilatynyň 15% göterimi bolsa özleriniň haýwanlarynyň atlaryny parol görnüşinde ulanýarlar diýip, maglumat berilýär. Ulanyjylar 13% göterimi özleriniň parollaryny maşgala agzalarynyň atlaryny we 12% göterimi bolsa wajyp senelerini belleýärler. Iňlis dilinde parol hökmünde “password” ulanýanlaryň sany 6% göterime ýetýär. Halaýan toparynyň atlaryny parol hökmünde ulanýanlaryň paýy bolsa 6% göterime barabardyr. Şeýle hem “123456” san görnüşinde parolyny ulanýanlaryň sany 6% göterim we iň gowy telegepleşikleriniň atlaryny ulanýanlaryň görkezijisi bolsa 5% göterimi görkezipdir. Şeýle hem gözlegiň netijeleri adamlaryň 40% göterimi pes howpsuzlyk parollaryny ulanmaýandyklaryny görkezýär.

Parollary anyklamakda iň uly howp ýönekeý parollary ulanmakdyr. Şeýlelik bilen, hatda tejribesiz adam hem öý haýwanyňyzyň adyny ulanyp maglumatyňyzy alyp biler diýip habar berilýär. Parollarda (açar sözünde) köp ulanylýan atlar we seneler köplenç sosial media gözegçiligi arkaly tapyp bolýar. Güýçli parol döretmek üçin baş harp, kiçi harp, san we belgi kombinasiýalaryny synap görmelidigini maslahat berilýär.

 

Ýene-de hemra uçuryş merkezini gurar

 

 

 

Ýene-de okaň

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Ilkinji türkmen antiwirusy tanyşdyryldy

Teswirle