TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Ilon Mask Ýewropada zawodyny açmakçy

Amerikaly elektrik awtoulag öndürijisi “Tesla” kompaniýasy Ýewropadaky ilkinji zawodynda dabara geçirdi. Berlinde geçirilen dabara gatnaşan kompaniýanyň baş direktory Ilon Mask: “Birnäçe aýdan önümçilige başlamagy meýilleşdirýäris. Ilkinji ulaglarymyzy dekabr aýynda müşderilerimize gowşurarys” – diýip belledi.

“Tesla” kompaniýasy Germaniýanyň paýtagty Berliniň golaýyndaky zawodynyň gapysyny halka açdy. “Gigafactory” diýlip atlandyrylýan Ýewropadaky ilkinji “Tesla” zawody bir günlük festiwal geçirdi.

Zawod doly güýjünde işlese, ýylda 500 müň elektrik awtoulag öndürip biler. Bu görkeziji 2020-nji ýylda Germaniýada öndürilen ähli elektrik ulaglarynyň sanyndan takmynan iki esse köpdür.

Bu zawodyň golaýynda 5 milliard ýewrolyk maýa goýum bilen batareýa önümçilik desgasyny döretmek meýilleşdirilýär.

Zawodda “Tesla” kompaniýasynyň “Model Y” modelli ulagy öndüriler.

 

Taýfunlardan elektrik öndüriler

 

Ýene-de okaň

“Ga­laxy S23” smart­fon­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy

Ata Watan Eserleri

“Facebook” ulanyjylarynyň sany 2 milliarddan geçdi

“Apple” şereketiniň önümlerindäki i harpynyň manysy

Teswirle