DÜNÝÄ

Hytaýda ekin ekip bolýan 51 gatly bina gurlar

Hytaýda ekin ekip bolýan 51 gatly bina gurlar. Çeşmä görä, bu uly bina 218 metr beýiklikde bolmaga niýetlenendir.

Şençžen şäherinde gurulmagy niýetlenen binanyň taslamasy italýan binagäri Karlo Ratti tarapyndan taýýarlandy. Binanyň 10 müň inedördül metrinde ösümlikler gidroponik usulda ösdürilýär.

Gidroponik usul ― suw we mineral erginler esasynda ösümligi ösdürmegi aňladýar we ol ýer tygşytlaýar.

51 gatly bina ýylda 270 tonna azyk öndürmek we 40 müň adamy üpjün etmek üçin niýetlenendir. Şeýle hem binada ofisler, supermarket we azyk kortlary ýerleşer. 

 

Koronowirusyň täze görnüşi ýüze çykaryldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde USAID-yň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Wengriýada ahalteke atlarynyň görkezme çykyşlary geçirildi

ABŞ-nyň Türkmenistana bellenen ilçisi Elizabet Rud kasam kabul etdi

Donald Tramp resmi taýdan prezidentlige dalaşgär görkezildi

“Atawatan Media” topary ABŞ-da ýelkenli sport ýaryşyny tomaşa etdi

Türkiýe Respublikasynyň demokratiýa we milli jebislik güni Aşgabatda bellendi