TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaýda 1 milliarddan gowrak adam sanjym edildi

Hytaý Halk Respublikasynda 1 milliarddan gowrak adam koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edildi. Bu görkeziji ýurduň ilatynyň 70 göterimine golaýyny düzýär. Bu barada “Blumberg” habarlar gullugy Hytaýyň Saglygy goraýyş boýunça milli komissiýasyna salgylanyp habar berýär.

Komissiýanyň wekili Mi Fen Pekinde žurnalistlere beren beýanatynda 15-nji sentýabrdaky maglumata görä, ýurtda 2,16 milliard doza sanjym edildi. Ol hem tutuş dünýäde sanjym edilen dozanyň üçden birini eýeleýär. Umuman, dünýäde 5,18 milliard doza sanjym edildi.

Pekiniň uly ýaşly ilatynyň97 göteirmi koronawirus pandemiýasyna garşy sanjym edildi. Týanszin şäherinde 12 ýaşdan uly ýaşly adamlaryň 80 göterimi, Şanhaý we Çžeszýan welaýatynda hem bu görkeziji 80 göterime golaýlady.

Habarlar gullugynyň bellemegine görä, Hytaý köpçülikleýin sanjymda Ýewropa Bileleşiginden we ABŞ-dan öňe saýlandy.

Hytaýda köpçülikleýin sanjymyň ýokary depginde alnyp barylýandygyna garamazdan, koronawirus ýokanjy sebäpli girizilen berk çäklendirmeleri gowşatmak göz öňünde tutulmaýar.

Mälim bolşy ýaly, Hytaýda 10 aý mundan ozal, “Sinopharm” kompaniýasynyň işläp düzen sanjymyny gyssagly ulanmak babatda çözgüt kabul edilipdi. Ýurtda mundan başga-da ýene-de 6 sanjym ulanylýar. 12 we şondna uly ýaşly adamlar sanjym edilýär.

Şeýle hem Hytaý 800 million dozadan gowrak sanjymy eksport etdi.

 

Eýranyň Prezidentiniň ilkinji daşary ýurt sapary

 

Ýene-de okaň

Lukmançylyk ugry boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

Aşgabat — Tokio — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawlary ýola goýlar

Ata Watan Eserleri

Biletler Stambulda satylyp başlandy

Teswirle