DÜNÝÄ

Eýranyň Prezidentiniň ilkinji daşary ýurt sapary

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisi özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny Täjigistana amala aşyrýar. Eýranyň metbugatynyň habar bermegine görä, şu ýylyň awgust aýynda wezipesine girişen Prezident Raisi Duşanbe şşäherinde geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýubileý mejlisine gatnaşýar.

Munuň Duşanbe şäherine giden Prezident Raisiniň ýanynda ýurduň syýasat we ykdysadyýet ulgamyna degişli ýolbaşçylar bar. Bu ýerde Eýranyň Prezidenti birnäçe ikiçäk duşuşyklary geçirer. Eýranyň hökümeti energetika, iş üpjünçiligi, medeni miras we beýleki ugurlara degişli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça daşary ýurtly kärdeşleri bilen pikir alşar.

Eýranyň täze saýlanan Prezidenti Ebrahim Raisi goňşy döwletler bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şonuň bu sammitde geçirjek duşuşyklarynda ikiçäk gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşar.

Eýran Yslam Respublikasy 2005-nji ýyldan bäri, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçydyr. Häzirki wagtda Eýran bu gurama doly hukukly agza bolmak ugrunda degişli işleri alyp barýar.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan, Hindistan we Päkistan ýaly sekiz sany hemişelik agzadan ybarat. Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa bu guramanyň synçy agzalygyna eýe. Ermenistan, Azerbaýjan, Kamboja, Nepal, Şri-Lanka we Türkiýe 2008-nji ýyldan bäri dialog boýunça hyzmatdaşlary.

 

Türkmenistanyň biržasynda TNGIZT-de öndürilen Jet A-1 awiaýangyjy satylyp başlandy

 

 

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji sammitine taýýarlyk mejlisi geçirildi

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan ozal Özbegistana bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy