DÜNÝÄ

Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlary IX hyzmatdaşlyk forumyny geçirer

IX Hytaý-Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk Forumy indiki hepde, 12-nji we 13-nji iýulda wideokonferensiýa arkaly geçiriler. Forum, HHR bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar we gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendir.

Forumyň esasy mowzugy “Umumy ajaýyp geljegiň hatyrasyna özara peýdaly hyzmatdaşlygyň esasynda kynçylyklara bilelikde garşy durmak”. Onuň çäginde oba hojalygy, bilim we sanly ykdysadyýet, şeýle hem zenanlar forumy boýunça mejlisler geçirmek meýilleşdirilýär.

Bir aý öň, 8-nji iýunda Nur-Sultanda Hytaý-Merkezi Aziýa görnüşindäki daşary işler ministrleriniň üçünji ýygnagynyň dowamynda taraplar Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň onlaýn sammitinde yglan edilen başlangyçlary durmuşa geçirmegiň ýollaryna garadylar.

 

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy CAFA – 2022 halkara bäsleşiginde çykyş eder

 

Related posts

Türkmen-rumyn bilim hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Slowakiýanyň we Wengriýanyň ministrleri bilen telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Hytaý strategiki hyzmatdaşlygy ösdüýär

vepa