DÜNÝÄ

Hytaý Owganystana sanjym kömegini berer

Hytaý Halk Respublikasy “Taliban” hereketi tarapyndan dolandyrylýan Owganystana 31 million dollar möçberinde azyk önümleri, gyş möwsümi üçin harytlar, sanjym we derman serişdelerinden düzülen kömegi bermegi göz öňünde tutýar. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Dünýä metbugatyndaky habarlara görä, Hytaýyň Owganystana kömek bermek baradaky çözgüdi Owganystanyň goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygynda mälim edildi.

Bu sanly duşuşyga gatnaşan Hytaýyň daşary işler ministri Owganystana 3 million doza sanjym beriljekdigini hem mälim etdi. Bu barada Hytaýyň “Sinhua” habar agentligi habar berýär. Ýöne sanjymyň haçan Owganystan iberiljekdigi mälim edilmändir.

Hytaýyň ýolbaşçy düzüminiň özal hem birnäçe gezek belläp geçişi ýaly, Hytaý dünýäniň islendik döwletine sanjym kömegine bermäge taýýar. Şeýle döwletleriň hatarynda Owganystan hem bar.

Ýary gije harby ýöriş geçirildi

 

Ýene-de okaň

Özbegistan we Gyrgyzystan söwda möçberini 2 milliard dollara ýetirer

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär

Slowakiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa sapary

Türkmenistanyň we Yragyň BAE-däki ilçileriniň duşuşygy

Türkmenistanyň ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy