DÜNÝÄ

Ýary gije harby ýöriş geçirildi

Koreýa Halk Demokratik Respublikasy milli baýramy bolan ýurduň döredilen gününi belleýär. Ýurduň metbugatynyň habar bermegine görä, ýurduň döredilmeginiň 73 ýyllygy mynasybetli Phenýan şäherinde ýary gije harby ýöriş geçirildi.

Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň ýolbaşçysy Kim Çen Yn, Kim Il Sung meýdançasynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Ol münberinden harby ýörişe tomaşa etdi. Harby ýörişde ýurduň ýaragly güýçleriniň düzümleriniň harby tehnikalayr görkezilipdir.

Asmana feýerwerkler atylyp, baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyrylypdyr. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň oktýabrynda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynda ýurduň Zähmet partiýasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli uly harby ýöriş dabarasyny gurady.

Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň resmi döredilen güni 1948-nji ýylyň 9-njy sentýabrydyr. 2021-nji ýylda bu ýurt özüniň jar edilmeginiň 73 ýyllygyny belleýär.

 

Türkmenistanyň Prezidenti KHDR-iň Baştutanyny gutlady

 

Ýene-de okaň

Buharestde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy

Türkmenistan we Gruziýa söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýärler

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisi taslamasyny barha ilerledýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Azerbaýjan: diplomatik gatnaşyklara 34 ýyl doldy

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşygy geçirildi