DÜNÝÄ

«Hytaý – Merkezi Aziýa döwletleri» sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar giň gerimli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki depginini kanagatlanma bilen nygtap, şu ýyl türkmen-hytaý diplomatik gatnaşyklarynyň ýubileý tapgyryna gadam basýandygyny aýratyn belläp geçdiler.

Duşuşygyň çäklerinde şeýle-de Döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejede geçiriljek nobatdaky çäreler, hususan-da «Hytaý – Merkezi Aziýa döwletleri» sammiti hem-de Pekin şäherinde XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bilen bagly bolan meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, ozal berlen habarlara görä, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidentini XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna çagyrypdy.

 

 

Espresso ÝUNESKO-nyň miras sanawyna giriziler

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar