“The Guardian” neşiriniň habaryna görä, Italiýa espressony ýasamak we içmek däbini ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasynyň sanawyna goşmak üçin ýüz tutdy.

Neşiriň habar bermegine görä, espresso XIX asyryň ahyrynda Turinde ýüze çykdy. Bu içgi gysga wagtda italýan medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Häzirki wagtda Italiýanyň ilatynyň 90 göterimi her gün azyndan bir bulgur espresso içýär.

– Espresso – hakyky däp-dessur we bizi bütin dünýäde tapawutlandyrýan jemgyýetçilik ýörelgämizdir – diýip, Italiýanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary Žanmarko Çentinaýo gürrüň berdi.

Ol espressony ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasynyň sanawynyň goşulmagy üçin hödürnamanyň taýýarlanmagyna gatnaşýar.

ÝUNESKO-nyň Italiýa Milli komitetiniň bahar paslynda bu hödürnamany tassyklamagyna garaşylýar.

Asyl espressony goramak we öňe sürmek maksady bilen 1998-nji ýylda döredilen Italiýanyň Espresso institutynyň habaryna görä, espresso bazary ýyllyk 4 milliard ýewro (3,3 milliard funt-sterling) barabar boldy.

Espresso kofe demlenende gara kofäniň üstünde emele gelýän köpük garyşdyrylmazdan 120 sekundyň dowamynda kem-kemden ýaýrap gidýar. Köpügiň reňkiniň hoz-goňur reňkde bolýandygy bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, Italiýanyň hökümeti mundan ozal, ýagny 2017-nji ýylda pizza taýýarlamak sungatyny hem ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasynyň sanawyna goşulmagyny gazandy.

 

Ereýän buz böleginden 152 milliard tonna suw çykdy