DÜNÝÄ

Hytaý-Merkezi Aziýa daşary işler ministrleriň duşuşygy geçirildi

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky “C+C5” formatyndaky duşuşygyň ikinjisi geçirildi. Bu barada Täjigistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Oňa Hytaýyň daşary işler ministri Wang I bilen bir hatarda Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Gyrgyztanyň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda daşary işler ministrleri Covid-19 pandemiýasyna garşy göreş, ykdysadyýeti dikeltmek, sebit howpsuzlygyny goramak we halkara gatnaşyklaryny güýçlendirmek boýunça hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Hytaýyň hökümetine Covid-19-a garşy göreşde öz wagtynda kömek edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdiler, şeýle hem Hytaýda we Merkezi Aziýada koronawirus ýokanjynyň ýok edilmegi babatda bilelikde tagalla etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Taraplar maýa goýum, energetika, senagat we oba hojalygy, şeýle hem ulag we aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny belläp geçdiler.

Şeýle hem taraplar sebitdäki ýurtlaryň arasynda howpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp, sebitde howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm faktorlary bolan Owganystandaky ýagdaýlaryň parahatçylyk ýollar bilen çözülmegi babatda pikir alyşdylar.

Duşuşygyň netijesinde daşary işler ministrleri sebitara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça Ikinji ministrler duşuşygynyň Bilelikdäki beýannamasyny kabul etdiler. Şeýle hem “Merkezi Aziýa – Hytaý” daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň formatyny döretmek hakyndaky ähtnamasy, “Merkezi Aziýa we Hytaý” ikinji ministrler duşuşygynyň Covid-19-a garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky hem-de “Merkezi Aziýa-Hytaý” daşary işler ministrleriniň Owganystan baradaky bilelikdäki beýannamasy kabul edildi.

 

Hytaý Türkmenistanyň tebigy gazyny iň köp satyn alýan ýurt

Ýene-de okaň

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy

Mergen Kepbanow: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady

Gazagystanyň daşary işler ministri resmi sapar bilen Aşgabada geldi