TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

“Hummel” markasy barada maglumat

“Hummel” markasy 1923-nji ýylda Albert Messmer tarapyndan Germaniýada guruldy.  Futbol, basketbol, woleýbol ýaly sportuň dürli görnüşinde geýmek üçin niýetlenen aýakgaplar öndürilýär.

Bu marka Albertiň ýagyşly günde futbol oýnalýan wagty kellesine gelen pikir esasynda  futbol üçin niýetlenen ýörite  köwüşler öndürmek isleýär. Şol wakadan soň Albert dogany bilen bilelikde Germaniýada “Messmer & Co”  atly kompaniýany döredýär.

1935-nji ýylda kompaniýa pese düşýär, netijede onuň ýolbaşçylygy Herman Knibbe we Jurgenson Tiggese berilýär. Kompaniýa Beýik Watançylyk urşundan soňra, 1945-nji ýylda birnäçe çozuşlara sezewar bolýar. Şu wakadan uzak wagt geçmänkä, marka täze görnüşde döredilýär.

Soňra futbol we gandbol sporty üçin sport aýakgaplaryny öndürip başlaýar. “Hummel” 1923-nji ýyldan bäri, dünýä boýunça meşhur markalaryň birine öwrüldi.

 

“Valentino” markasy barada maglumat

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle