JEMGYÝET

Howanyň gyzmagy bilen öňüni alyş çäreleri güýçlendiriler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, tomus paslynyň yssy günlerinde ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz obalarda, ekin meýdanlarynda hem-de köpçülik ýerlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem dürli maksatly binalarda ýangyn öçüriji enjamlaryň, suw howdanlarynyň we beýleki zerur serişdeleriň üpjünçiligi seljerilip durulmalydyr.

Jaýlary salkynladyjy enjamlaryň ulanylyşynyň artýandygyny nazara alyp, energiýanyň harçlanyşyna gözegçilik ýola goýulmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi we köçelerdäki yşyklarda, maglumat tablolarynda ulanylýan energiýa serişdelerini tygşytlamak meselelerine seretmegi talap etdi.

Şeýle hem milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde hem tomus möwsüminiň gelmegi bilen howanyň gyzýandygyny, onuň bolsa adam saglygyna ýaramaz täsiriniň bardygyny belledi. Adam bedeninde teşneligiň artmagy onuň umumy saglyk ýagdaýyna täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, şahsy düzümleriň arasynda düşündiriş çäreleriniň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygy bellenildi.

Şol bir wagtyň özünde tomsuň gelmegi bilen howanyň gyzmagy we meýdan otlarynyň guramagy sebäpli tebigatda ýangyn döremegiň mümkindigini nazara alyp, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler işjeňleşdirilmelidir. Elektrik geçirijilerde ýangynyň ýüze çykmak mümkinçiliklerini nazara alyp, ilatly ýerlerde ýangyn howpsuzlygy düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik güýçlendirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

 

Türkmenistanda galla oragyna badalga berilýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk hatyny iberdi

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlaýar

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlaýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Astana: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri