JEMGYÝET

Türkmenistanda galla oragyna badalga berilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we döwlet durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn işleriň ýerine ýetirilýändigini belledi. Edermen gallaçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde, şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Galla oragy möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazara alyp, gallaçy daýhanlarymyzyň möwsümi gysga möhletlerde tamamlamagy üçin zerur tagallalar edilmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, halkymyzy azyk önümleri bilen doly üpjün etmek üçin azyk bolçulygyny pugtalandyrmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 4-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda galla oragyna girişmäge ak pata berdi. Asylly däbe görä, ýurdumyzyň hormatly ýaşululary galla oragyna “Bismilla” diýip, başlap bererler.

Döwlet Baştutanymyz zähmetsöýer gallaçylara we ähli oba zähmetkeşlerine berk jan saglyk, abadan, bagtly durmuş hem-de täze zähmet ýeňişlerini arzuw etdi. Şeýle hem milli Liderimiz daýhanlaryň sahawatly toprakdan bol hasyl aljakdyklaryna ynam bildirdi.

 

«Barselona» Messi barada karara geldi…

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň goşgulary gruzin diline terjime edildi

Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabaralar ýokary derejede geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Aleksandr bagyndaky näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Moskwadaky harby ýörişe gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Fransuz çöregi bilen Ginnesiň rekordy

Şu gün 9-njy maý – Ýeňiş güni