DÜNÝÄ

Hindistanyň Prezidenti Aşgabatdaky Ýoga we adaty lukmançylyk merkezine baryp gördi

Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowind Aşgabatdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumynda ýerleşýän Ýoga we adaty lukmançylyk merkezine hem baryp görüp, ýoga görkezilişine tomaşa etdi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär. 

Şeýle hem Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind paýtagtymyzdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumynda ýerleşýän Mahatma Gandiniň heýkeline gül goýdy hem-de şol ýerdäki seýilbagda dostluk nahalyny oturdy.

Ýeri gelende bellesek, Aşgabatdaky Ýoga we adaty lukmançylyk merkezi 2015-nji ýazynda Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministr Narendra Modiniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Şunda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda her ýylyň 21-nji iýunynda Bütindünýä ýoga gününiň giňden bellenilýändigini hem aýtmak gerek.

Ýoga hindi halkynyň dünýä beren özboluşly gymmatlyklarynyň biridir. Ol kalbyň we bedeniň, pikirleriň hem-de hereketleriň birligi bolmak bilen, ynsanyň hem-de tebigatyň arasyndaky sazlaşykdyr, sagdynlyga we bagtyýarlyga bolan toplumlaýyn çemeleşmedir. Bu ýerde esasy gürrüň fiziki maşklarda däl-de, öz-özüň bilen, tebigat bilen sazlaşygy tapmakda, täze durmuş ýörelgelerini we täzeçe akyl ýetirişi kemala getirmek arkaly, ählumumy abadançylygyň üpjün edilmegine goşant goşmakdadyr. Ýoga jemgyýetiň ähli gatlagynyň wekilleri üçin niýetlenip, onuň bilen islendik ýaşda meşgullanmak mümkindir. Ol adamda dartgynlylyk ýagdaýyny döredýän gormonlary azaltmaga, fiziki işjeňligi artdyrmaga, ünsi güýçlendirmäge hem-de akyl ýetirişiň deňagramlylygyny gowulandyrmaga ýardam berýär. Dünýäde dowam edýän häzirki adatdan daşary ýagdaýlarda ýoga dartgynlylyk ýagdaýyny ýeňip geçmek we adamlaryň şähdaçyklygyny ýokarlandyrmak üçin özboluşly mümkinçilikdir.

 

Hindi Lideriniň maşgalasy Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanyşdy

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň wekiliýeti üçin medeni maksatnama guraldy

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi