DÜNÝÄ

Hindi Lideriniň maşgalasy Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanyşdy

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet sapary mahalynda ýanynda bolýan maşgalasy hanym Sawita Kowind üçin aýratyn medeni maksatnama taýýarlanyldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron görnüşinde habar berilýär. 

Düýn maksatnama laýyklykda, myhman zenan, ilki bilen, paýtagtymyzdaky «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde boldy we milli däpler esasynda toý-dabaralaryň geçiriliş aýratynlygy bilen tanyşdy. Şeýle hem ol ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp seýilgähleriniň birinde gezelenç etdi.

Hanym Sawita Kowind özi üçin işlenip taýýarlanylan medeni maksatnamanyň çäklerinde Türkmen halysynyň milli muzeýiniň gymmatlyklary bilen hem tanyşdy we «Gül Zaman» toý mekanyna baryp gördi.  Bu ýerde oňa  milli tagamlar hödürlenildi. Şeýle hem toý mekanynda milli lybaslaryň görkezilişi boldy. Agşamlyk bolsa myhman zenan Bitaraplyk binasynyň ýanyna gelip, paýtagtymyzyň özboluşly agşamky görnüşlerini synlady.

Şu gün bolsa hanym Sawita Kowind söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolan «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezine baryp gördi.

 

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň 5 strategik ugry

Ýene-de okaň

Tramp Messiniň, Ronaldonyň we Keýniň oýnuna ýokary baha berdi

Eýranyň Beýik Ruhy Lideri hatyralandy

Türkmenbaşy bilen Batumi şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýlar

Endi Bernem – Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri

Türkmenistan «ÝB-Merkezi Aziýa» ýokary derejeli dialogyň 13-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan bilen Gruziýa medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarly