BIZNES

Hindistanyň Milli gazna biržasy bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Hindistanyň Milli gazna biržasynyň (NSE) wekilleri bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Iş duşuşygyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzda häzirki wagtda geljegi uly bolan gazna biržasynyň işine halkara derejesinde uly gyzyklanma bildirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň internet sahypasynde bellenilip geçilýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça döwlet we milli maksatnamalar kabul edildi. «Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» şeýle-de 2014-nji ýylda kabul edilen «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmekde möhüm ädim boldy.Bu hukuk namalary ýurdumyzda maliýe bazarynyň düzgünlerini we aýratynlyklaryny özünde jemleýär.2016-njy ýylda «Aşgabat gazna biržasy» esaslandyryldy.Bu maliýe ulgamy geljekde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ownuk we iri maýadarlarynyň pul serişdelerini bir ýere çekmekde uly mümkinçilikleri döreder.

Iş duşuşygynyň maksady Hindistanyň Milli gazna biržasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

 

Türkmenistan Özbegistandan 307 million dollarlyk önümler satyn alar

Ýene-de okaň

Türkmenistan-BAE: gaz pudagynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

“Zangilan” tankeri Türkmenistandan nebitiň ilkinji tapgyryny Azerbaýjana ýetirdi

Özbegistan 10 milliard dollarlyk “akylly” şäher gurar

Türkmenistanda 40 milliard 230 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşy

Eýranda 1.7 million awtoulag öndüriler

Ata Watan Eserleri