JEMGYÝET

Türkmenistan Özbegistandan 307 million dollarlyk önümler satyn alar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşiklerde belläp geçişi ýaly, Türkmenistanyň köpýyllyk we ygtybarly söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Biz dürli pudaklarda özara gatnaşyklaryň giň mümkinçiliklerine, hökümetara we pudagara derejelerde toplanan tejribä ýokary baha berýäris.

Umuman, bu ulgamdaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilip, hil taýdan pugtalandyrylýar. 2021-nji ýylyň 7 aýynda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň görkezijisi ABŞ-nyň 230 million dollaryna barabar boldy, ýeňil senagat, maşyngurluşyk, nebithimiýa, oba hojalygy we gurluşyk serişdeleri ýaly ugurlarda import şertnamalarynyň 194-si bellige alyndy.

Şeýle hem senagat taýdan goşulyşmagy ösdürmegiň we söwda hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak barada ylalaşyk gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselesi baradaky gürrüňi dowam edip, şu saparyň barşynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan özbek kärhanalary bilen olaryň öndürýän, umumy bahasy ABŞ-nyň 307 million dollaryndan gowrak bolan önümlerini satyn almak babatda şertnamalary baglaşmak boýunça anyk teklipleriň işlenip taýýarlanylandygyny belledi. Munuň özi ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga saldamly goşant bolar.

Türkmenistan üçünji ýurtlara ibermek üçin niýetlenen oba hojalyk çig malyny, hususan-da, miwe, gök-bakja önümlerini gaýtadan işlemek ulgamynda hem-de himiýa, dokma senagaty önümlerini öndürmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň dürli görnüşlerini ýola goýmagyň geljegini öwrenmek üçin açykdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Söwda öýlerini açmak boýunça ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegini çaltlandyrmak barada degişli tabşyryklary bermegi teklip etdi.

Himiýa senagaty ulgamynda iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, iri şertnamalaryň birnäçesi baglaşyldy. Milli Liderimiz bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen bilelikdäki taslamalary, hususan-da, türkmen kärhanalarynda çykarylýan karbamidi daşary ýurt bazarlaryna ibermek hem-de Türkmenistanyň çäginde ýoduň, bromyň we natriý sulfatynyň önümçiligini guramak boýunça taslamalary amala aşyrmak üçin mümkinçilikleri öwrenmegi teklip etdi.

Ýurdumyz Özbegistanyň metallurgiýa ulgamyndaky kuwwatyny we tejribesini nazara almak bilen, bu geljegi uly ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini içgin ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektrik energetikasy ulgamynda hem özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesiniň bardygyny belläp, türkmen tarapynyň özbek hyzmatdaşlary bilen bilelikde elektrik serişdeleriniň iberilýän möçberlerini ep-esli artdyrmak hem-de olaryň üstaşyr geçirilmegini giňeltmek üçin mümkinçiliklere garamaga taýýardygyny tassyklady.

 

Türkmenistan-Özbegistan: Sebitleriň forumy dörediler

Ýene-de okaň

Ýer meseleleri baradaky döwlet topary hakynda Düzgünnama tassyklandy

BMG-niň Baş sekretary türkmen halkynyň Milli Liderine hat iberdi

Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi

Ata Watan Eserleri

Lebapdaky mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler