TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Hindistan sanly rupiýany dolanyşyga girizer

Hindistan Respublikasy 2022-nji ýylda sanly rupiýany dolanyşyga girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň maliýe ministri Nirmala Sitharaman habar berdi.

“BBC” teleýaýlymynyň habaryna görä, şol bir wagtyň özünde sanly aktiwlerden alynýan girdeji salgydy 30% bolar. Hindistan wirtual walýutanyň girizilendigini yglan eden uly ykdysadyýetli ýurtlaryň biridir (häzirki wagtda, Hytaý sanly ýuany synagdan geçirýär).

Ministr merkezi bankyň sanly walýutasynyň “sanly ykdysadyýete uly itergi berjekdigini” we has netijeli we arzan walýuta dolandyryş ulgamyna getirjekdigini aýtdy.

Bu habar Hindistanyň federal hökümetiniň ýyllyk býujetiniň ara alyp maslahatlaşylan ýygnagynda mälim edildi.

Sanly walýutanyň ornaşdyrylmagy, ýurduň umumy demonetizasiýa syýasatynyň durmuşa geçirilýän döwründe bolup geçýär. 2016-njy ýylda 500 we 1000 rupiýaly banknotlar dolanyşykdan aýrylypdy.

Rupiýanyň sanly görnüşi, Hindistanyň ätiýaçlyk bankynyň (RBI) Hindistanda sanly töleg ulgamlaryny ornaşdyrmagy göz öňünde tutýan köp usullaryndan biridir.

 

Ezogelin Çorbasy

Ýene-de okaň

Dizel ýangyjyna we nebit ýol bitumyna isleg bildirildi

Döwlet býujeti: çykdajylaryň 75 göterim durmuş ulgamyna gönükdiriler

Internet paketleriniň täze nyrhlary: Türkmenistan

Baş Redaktor

Teswirle