TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
PEÝDALY MASLAHAT

Ezogelin Çorbasy

Hormatly okyjylarymyz!

Biz size dünýäniň dürli ýurtlarynyň, hususan-da Türkiýäniň tagamlaryny taýýarlanylyşy barada maglumatlary ýetirmegi makul bildik. Belki, biziň bu taýýarlan tagamlar baradaky maglumatnamalarymyz siziň üçin peýdaly bolup biler. Eger siziň gyzyklanma bildirýän tagamlaryňyz bar bolsa, olaryň hem taýýarlanyş usullary barada size maglumat berip bileris. Bu barada biziň atawatanhabar@gmail.com elektron poçtamyza ýazyp bilersiňiz.

 Gerekli önümler:

250gr. gyzyl merjimek

2 nahar çemçesi tüwi

2 nahar çemçesi bulgur

100gr. mesge

1 nahar çemçesi pomidor goýultmasy

1 sany sogan

1 çaý çemçesi paprika

1 çaý çemçesi guradylan narpyz

1 çaý çemçesi timýan

1 çaý çemçesi duz

1 çaý çemçesi ajysyz gyzyl burç

Taýýarlanyşy:

Ilki bilen merjimek, tüwi, bulgury ýuwup arassalamaly we gowy edip süzmeli. Owunjak edip kesişdiren soganlaryňyzy, gazanyňyza 50gr. mesge goýup, 2-3 minut gowurmaly.

Merjimegi gazana atyp, ýene 2-3 minut gowurmaly, soňra pomidor goýaltmasyny goşup, gowy garmaly. 5 bulgur (stakan) gyzgyn suw goşup, ýene biraz garyp, gazanyň gapagyny ýapyň we 20 minutlap orta derejedäki otda bişiriň.

Tüwüni goşup 5 minut bişireniňizden soňra bulgur goşuň, 1 çaý çemçesi duz goşuň we ýene 5-6 minut bişirmegi dowam ediň. Çorbanyň ýüzünde emele gelen köpügi aýryp, pes otda ýene 10 minut bişirmeli.

Galan mesgäni başga bir gazanda erediň. Duzy, timýan, guradylan narpyz, paprika, ajysyz gyzyl burç we gara burçy atyp, gowy garyşdyrmaly. Soňra ýarysyny alyp, gaýnap duran çorbaňyza goşmaly.

Çorbaňyzy gowy edip garyşdyranyňyzdan soň, hödürlejek gabyňyza goýup galan mesgeli garyndyny, taýyn çorbaňyzyň üstüne çalaja guýmaly.

Işdäňiz açyk bolsun!

Hytaý türkmen ýaşlaryna bilim bermäge taýýar

Ýene-de okaň

Aşgabat şäheri boýunça awtoulaglary resmileşdirmek üçin nokatlaryň ýerleşýän salgylary

Ata Watan Eserleri

Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmaklyk üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlaryna pasport resmileşdirmek üçin talap edilýän resminamalar

Ata Watan Eserleri

Teswirle