TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Her gün 1 dollarlyk çykdajy bilen 250 döwlete syýahat etdi

Fransiýanyň raýaty Andre Breje 83 ýaşynda. Ol 17 ýaşyndan bäri syýahat edýär. Şol wagt Andrenyň syýahat etmäge pul bolmandyr, emma dünýäni görmek we täze adamlar bilen tanyşmak islegi bolýar. Şol wagtdan soň ol günde 1 dollardan köp pul sarp etmezlik kararyna gelýär.

Şeýlelikde,ol dünýäniň 251 ýurduna baryp, umumy hasapda 400 müň kilometr aralygy geçýär. Ol bu barada: «Syýahatlarda meni näme gyzyklandyrdy? Adamlaryň ýüregi. Syýahatymyň dowamynda men dürli döwletleriň adamlaryna köp sowallary berdim. Men dünýäni olaryň gözleri bilen görmek isledim we muny başardym» diýip, özünde galan täsirlerini paýlaşdy.

Onuň ilkinji syýahaty 1955-nji ýylda Şotlandiýadan başlapdyr. Andre elmydama awtostop arkaly syýahat edipdir. Hiç haçan uçarda uçmandyr, restoranlarda  naharlanmandyr, hatda käte gijäni köçede geçirmeli boldypdyr.

 

Telekçiler üçin onlaýn söwda okuw mümkinçiligi

 

 

 

Ýene-de okaň

Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawy dikeldildi

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ilkinji “Airbus” kysymly ýük uçary

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzyň dermanhana pudagynyň üsti ýetirildi

Teswirle