TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Telekçiler üçin onlaýn söwda okuw mümkinçiligi

Telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmek boýunça USAID taslamasy Latyn Amerikanyň Elektron täjirçilik instituty bilen birlikde Merkezi Aziýa ýurtlarynda kiçi we orta kärhanalar üçin “Elektron täjirçiligiň esaslary” atly onlaýn okuwlara başlaýar.

Okuwlar işe ýaňy başlaýan telekeçilere onlaýn satuwlaryň ýollaryny ornaşdyrmaga we dolandyrmaga kömek eder. Ilkinji nobatda ol elektron täjirçilik çygrynda bilim we maslahat bermek hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen meşgullanýan okuw merkezleriniň, konsalting firmalarynyň hem-de Türkmenistanyň beýleki institutlarynyň tälimçileri üçin niýetlenilendir.

Okuwlar muzdsuz esasda geçiriler, ýöne geljekde Türkmenistanyň onlaýn satuwlaryň işe girizilmegi babatda gyzyklanma bildirýän kiçi we orta kärhanalaryň bu okuwlary diňläp bilmek mümkinçilikleri bolar ýaly gatnaşyjy guramalardan olar öz gündelik işlerine bu okuwlary mäkäm ornaşdyrarlar diýip garaşylýar.

Onlaýn treningiň maksatnamasy 4 sany bölümi öz içine alýar: 1. Sanly täjirçilige giriş. 2. Sanly täjirçilikdäki logistika, amallar we töleg usullary. 3. Sanly täjirçilik üçin marketing. 4. Sanly täjirçilik üçin işewürlik platforma we modeller.

Iňlis dilindäki onlaýn okuwlary elektron täjirçilik çygryndaky halkara bilermenler geçirerler. Rus diline sinhron terjime hem göz öňünde tutulýar.

Okuwlaryň dowamlylygy – 2 aý (2021-nji ýylyň awgust-sentýabr aýlary). Okuwlar üstünlikli tamamlanandan soňra hormat haty berler.

Okuwlara gatnaşmak üçin arzalar şu ýerde elýeterlidir: https://forms.gle/8hmiLZZX7DL6ctwt9

Arzalary bermegiň soňky möhleti: 2021-nji ýylyň 11-nji iýuny, sagat 18:00 çenli. Habarlaşmak üçin: Resul Rejebow, USAID/FGI: +993 64 409223; resul.rejepov@thepalladiumgroup.com

 

4-nji iýunda Ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Çawuşogly: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy ösdüreris

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

100 milliard dollar ýitiren ilkinji adam

Teswirle