TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Hazar sammitiň öňüsyrasynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. VI Hazar sammitiniň öň ýanynda guralan bu duşuşyk Hazarýaka sebitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de nobatdaky sammite taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat etdi. 

Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow, Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Huseýn Amir Abdullahian, Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem-de Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi türkmen paýtagtyna geldiler.

Nobatdaky duşuşygyň çäginde taraplar ertir geçiriljek Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitinde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler, hususan-da, Hazarýaka sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysady gatnaşyklary, şol sanda ulag, söwda, energetika, maliýe ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmek barada pikir alyşdylar. Şunda Hazar deňzinde ekologiýa ugurly hyzmatdaşlyga hem möhüm orun degişlidir.

«Sebit we dünýä ýagdaýlarynyň üýtgäp durýan häzirki döwründe Hazarýaka hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary mizemezligine galýar. Şunda pugta, uzak möhletleýin parahatçylygy we durnuklylygy, toplumlaýyn hem-de bölünmez howpsuzlygy üpjün etmek binýatlaýyn ýörelgeler hasaplanýar» diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri öz çykyşynda biziň ýurdumyzyň Hazarýaka döwletleriň arasynda syýasy-diplomatik ulgamdaky özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýändigini aýratyn nygtady. Hazar «bäşliginiň» daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary VI Hazar sammitiniň netijeleri boýunça kabul ediljek jemleýji resminamanyň taslamasynda göz öňünde tutulýan wezipeler barada-da jikme-jik pikir alyşdylar.

Duşuşygyň yzysüre metbugat wekillerine ýüzlenmesinde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow şular hakynda aýdyp, şu günki mejlisiň dowamynda taraplaryň Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýada beýan edilen ähli ýörelgeleriň wajypdygyny hem-de kenarýaka ýurtlaryň olara ygrarlydygyny tassyklandyklaryny belledi.

 

Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny yzygiderli geçirmek teklip edildi

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

Ärdoganyň wezipesine girişmek dabarasy geçiriler

Teswirle