TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny yzygiderli geçirmek teklip edildi

Şu gün Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitiniň öňüsyrasynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Eýranyň daşary işler ministri Hossein Amirabdollahian, Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi we Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow gatnaşdy.

Türkmenistan, Hazar döwletleriniň arasyndaky syýasy we diplomatik hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegini, dürli wakalara we hadysalara öz wagtynda jogap bermegi üpjün etmek üçin daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň tarapdary bolup çykyş etdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow kärdeşlerini Hazarda halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin tagallalary etmäge çagyrdy.

– Hazar sebitiniň global ähmiýete eýe bolan iň uly ulag, üstaşyr we logistika merkezlerinden biridigine hemmämiz düşünýäris. Emma munuň hakykata öwrülmegi üçin ýörite şertnamalar we durmuşa geçirmek üçin düýpli ädimler zerurdyr diýip, Türkmenistanyň daşary işler ministri aýtdy.

 

Aşgabatda halkara ulag maslahaty geçiriler

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

Ärdoganyň wezipesine girişmek dabarasy geçiriler

Teswirle