«Has at» usuly

“Hyzmatdaşyňa täsir etmegiň psihologik usullary”

atly makalalar toplumyndan

 

Ol gürleşýän adamyňyzyň adyny (ýa-da adyny we atasynyň adyny) eşitdirip aýtmaga esaslanandyr. Bu diňe bir sypaýylyk, medeniýetlilik hem däldir. Öz adynyň ýaňlanmagy adamda onuň hemişe duýup hem barmaýan ýakymly duýgyny döredýär. D.Karnegi adam üçin onuň öz adynyň eşidilmeginiň iň ýakymly owazdygy, sazdygy barada ýazypdy. Adam oňa ýüzlenip öz adynyň aýdylandygyny eşidende ýakymly duýgynyň döremeginiň psihologik täri nähili?

Ony, ine, şular düzýär:

  1. Şol şahsyýete dakylan at onuň ýaşaýşynyň ilkinji günlerinden tä ahyrky demine çenli aýdylýar. At we şahsyýet bölünmezdir.
  2. Adama onuň adyny tutman ýüzlenilmegi bu «hususy aýratynlyklardan mahrum edip» ýüzlenilmegidir. Bu ýagdaýda gürleýäni adam şahsyýet hökmünde däl-de, diňe belli bir gulluk wezipelerini ýerine ýetiriji hökmünde gyzyklandyrýar. Adama ýüzlenilende onuň adynyň tutulmagy (at bolsa – şahsyýetiň nyşany) onuň şahsyýetine üns berilýändigini görkezýär.
  3. Her bir adam şahsyýet bolmaga çalyşýar. Bu synanyşyklar kanagatlandyrylmasa, bizi şahsyýet hökmünde kemsitseler, biz ony ýiti duýýarys.
  4. Eger adam özüniň şahsyýetdiginiň tassyklanýandygyny görse, bu onda kanagatlanma duýgusyny döretmän bilmez.
  5. Kanagatlanma duýgusy hemişe oňyn emosiýalar bilen utgaşýar, olary adam hemişe duýup barmaýar.
  6. Adam hemişe onda oňyn (oňat) emosiýalary (duýgulary) döredýän adamlara (zada) ymtylýar.
  7. Eger kimdir biri bizde oňat duýgulary döredýän bolsa, onda ol özüne çekýändir, özi barada oňat garaýşy döredýändir, ýagny attraksiýany emele getirýändir.
Okap bilersiňiz  Ýewro-2020: Italiýa uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Mysal üçin, irden öz kärdeşleriňize ýa-da tabynlygyňyzdaky işgärlere duşup, olar bilen salamlaşanyňyzda, «ertiriňiz haýyrly bolsun» diýen jümläniň (bu jümläniň özi hem «salam» sözünden psihologik has ýakymlydyr) yzyna olaryň her biriniň adyny we atasynyň adyny goşup görüň, şonda siz özüňiz barada ýüze çykarylmadyk, duýulmadyk hem bolsa, oňat garaýyşlary döredersiňiz. Adam bilen söhbetdeş bolanyňyzda, siz wagtal-wagtal oňa adyny we atasynyň adyny tutup ýüzleniň. Bu usuly kämahal, ondan nämedir bir zat gerek bolanda däl-de, söhbetdeşiňizde öňünden özüňiz barada oňat garaýşy döredip, hemişe ulanmak zerurdyr.

Ilkinji gezek söhbetdeş bolýan adamyňyzyň adyny we atasynyň adyny ony gören badyňyza ýadyňyzda saklamaga çalşyň. Bu söhbetdeşiňizde oňat duýgulary döreder, olar bolsa size gaýdyp geler. Käbir adamlara özgeleriň atlaryny ýatda saklamak kyn düşýär. Adyň oňat ýatda galmagy üçin, ony eşiden badyňyza daşyňyzdan aýtmaga bahana tapyň. Meňzeşlik boýunça baglanyşygy ýola goýmak üçin, tanyşlaryňyzyň (beýik adamlaryň) atlaryny çalt ýatlap çykyň. Elbetde, köp sanly atlary ýatda saklamaly bolýan wagtlary hem bar. Şonda ýörite wagt tapyp, olary ýatda saklamaga çalyşmaly. Şeýle etseňiz, ýitiren wagtyňyzyň öwezi köp esse bolup dolunar.

 

 Babahan Aganazarowiç Berdiýew ,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

Döwlet gullugy akademiyasynyň uly mugallymy, psiholog.

 

«Gatnaşyklaryň aýnasy» usuly

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Okap bilersiňiz  Medeniýet hepdeligi we nobatdaky açylyş dabaralary

Jokowiç ikinji gezek “Roland Garros”-da ýeňiji boldy

Tennis dünýäsiniň esasy ýaryşlarynyň biri hasaplanýan Fransiýanyň açyk çempionaty (Roland Garros) tamamlandy. Onda serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç ýeňiş gazandy. Ol final duşuşygynda gresiýaly garşydaşy Stefanos Sisipasy ýeňmegi başardy. Duşuşyk 6:7 (6:8), 2:6, 6:3, 6:2, 6:4 hasabynda 34 ýaşly serbiýaly tennisçiniň peýdasyna tamamlandy. Ilkinji gezek 2004-nji ýyldan bäri Fransiýanyň açyk çempionatynda ýeňiji aýgytlaýjy tapgyrda mälim boldy. Jokowiç bilen Sisipas 8-nji gezek duşuşdy....
Ýewropa yklymynda Ýewro-2020 çempionaty dowam edýän döwründe Amerika yklymynda hem "Kopa Amerika" futbol ýaryşy badalgal aldy. Braziliýada geçirilýän bu ýaryşyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Onda Braziliýanyň milli ýygyndysy Wenesuelanyň milli ýygyndysy 3:0 hasabynda, Kolumbýiýanyň milli ýygyndysy bolsa Ekwadory 1:0 hasabynda utdy. Braziliýanyň düzüminda Markinos, Neýmar (11 metrlik jerime) we Gabriel Barboza tapawutlandy. Kolumbiýanyň milli ýygyndysynda bolsa Kardena tapawutlandy. "Kopa Amerikada" ertir, ýagny 15-nji iýunda...
Futbol boýunça Ýewropa çempionaty gyzykly duşuşyklary bieln dowam edýär. Ýewropanyň 12 şäherinde geçirilýän bu duşuşyklarda gyzykly hem-de çekeleşikli oýunlar geçirilýär. "D" TOPARY Sagat 18:00  Şotlandiýa  - Çehiýa Glazgo şäherinde geçiriljek bu duşuşyk Şotlandiýanyň 1998-nji ýyldan bäri garaşýan pursaty - 23 ýyldan bäri esasy finala çykan ilkinji ýaryşydyr. "E" TOPARY Sagat 21:00  Polşa - Slowakiýa Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek duşuşyk polşaly Robert Lewandowskiniň özüniň görkezmegi üçin...
Futbol boýunça Ýewropa çempionaty dowam edýär. Düýn "Ç" hem-de "D" toparynyň duşuşyklary geçirildi. Sagat 18:00-daky duşuşykda Angliýa bilen Horwatiýanyň milli ýygyndylary duşuşdylar. Olar "D" toparynda çykyş edýärler. Örän çekeleşikli geçen duşuşykda Angliýanyň milli ýygyndysy 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ýeke-täk goluny Rahim Sterling geçirdi. "Ç" TOPARYNYŇ DUŞUŞYKLARY Soňra sagat 21:00 we 00:00-da bolsa "Ç" toparynyň duşuşyklary geçirildi. Ilki bilen Awstriýa bilen Demirgazyk Makedoniýa...
Aýakgabyňyzy çykaryň. Ýapon medeniýetinde pollara we tatami matalarynyň mümkin boldugyça arassa bolmagyny üpjün etmek üçin bir jaýa gireniňizde aýakgabyňyzy çykarmak gowy we möhüm edep hasaplanylýar. Bu hili arassaçylyk köp öý hojalyklarda we restoranlarda talap edilýär, adamlar pola ýakyn tatami düşeginde iýýärler, krowatdan tapawutlylykda tatami düşeginde ýatmak hem adaty zat. Mundan başga-da, ähli otaglarda diňe jorap ýa-da aýakýalaňaç hereket etmegiň ýerine,...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
834TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar