«Gatnaşyklaryň aýnasy» usuly

Babahan Berdiýew

“Hyzmatdaşyňa täsir etmegiň psihologik usullary”

atly makalalar toplumyndan

 

Siz, köplenç, kime: öz dostuňyza ýa-da halamaýan adamyňyza bakyp ýagşy niýet bilen ýakymly ýylgyrýarsyňyz? Elbetde, dostuňyza bakyp şeýle ýylgyrýansyňyz. Siziň şahsy tejribäňiz ýüzüňiziň mähirli we ýakymly bolmagy, mylaýym ýylgyrşyňyz adamlarda biygtyýar sizi görmäge höwes döredýändigini görkezýär.

Bu özüňe çekmäniň nähili psihologik usuly bar?

  1. Adamlaryň köp bölegi halamaýan adamlaryna däl-de, öz dostlaryna tüýs ýürekden we hoşniýetli ýylgyryp bakýarlar.
  2. Eger adamyň siziň bilen aragatnaşykda ýüzi mylaýym we ýakymly, ýylgyryşy açyk bolsa, bu, köplenç:

«Men – siziň dostuňyz» diýen duýduryşdyr.

  1. Dost bu sözüň göni manysynda biziň üçin haýsy-da bolsa bir ähmiýetli meseleler boýunça pikirdeşimizdir.
  2. Adamyň esasy islegleriniň biri howpsuzlyk, goraglylyk babatdaky islegidir. Hut dostumyz şol goraglylygy ýokarlandyrýar, ýagny biziň örän möhüm isleglerimiziň birini kanagatlandyrýar.
  3. Oňyn (oňat) duýgular adamda kanagatlanmak duýgusyny oýarýar.
  4. Adam hemişe özünde oňat duýgulary döredýän adama (zada) tarap ymtylýar.
  5. Eger kimdir biri oňat duýgulary döredýän bolsa, ol, islese-islemese, attraksiýany emele getirýändir.

Görkezilen usulyň täsiriniň biziň hyzmatdaşymyzyň bu oňat duýgulary isleýändigine ýa-da islemeýändigine bagly däldigini bellemek gerek. Bu usuly kimiň ulanjakdygy möhümdir. Siz bu zerur bolanda ýylgyrmagy başarýarsyňyzmy? Şeýle zerurlyk söhbetdeşimizde oňat duýgulary döretmek, onda özümiz barada oňat garaýşy emele getirmek gerek bolanda ýüze çykýar. Bu onuň siziň garaýşyňyzy goldamagy, buýrugyňyzy ýa-da haýyşyňyzy zor bilen däl-de, meýletin ýerine ýetirmegi üçin zerurdyr. Bu hemişe-de zerurdyr. Biziň gatnaşygymyzda çalaja ýylgyryş hem açyk, ýakymly, hem hoşniýetli, hem makullaýjy, hem duýgudaşlyk bildirýän ýylgyryşdyr. Eger size «buýurma boýunça» ýylgyrmak kyn bolsa, onda size ilkibaşda öýde ýeke özüňizkäňiz aýna bakyp, öz keşbiňizi synlap ýylgyrmagy öwrenmegi teklip edýäris.

Ýolbaşçylaryň söz gorunda tabynlygyndaky işgärleriň artykmaçlyklaryny, gowy taraplaryny (belli bir derejede ulaldyp hem bolsa) görkezýän ýakymly sözler seýrek duşýar. Bu näme bilen düşündirilýär?

Öwgüli, hoşamaý sözler söhbetdeşimiziň özünde görmek isleýän artykmaçlyklaryny, gowy taraplaryny az-kem ulaldyp görkezmek üçin ulanylýan sözlerdir. Şu manyda biz öwgüli, hoşamaý sözlere işewürlik aragatnaşyklarynda attraksiýany emele getirmegiň usullarynyň biri hökmünde garaýarys.

 

 Babahan Aganazarowiç Berdiýew,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

Döwlet gullugy akademiyasynyň uly mugallymy, psiholog.

 

“Altyn sözler” usuly

 

 

 



ÝENE-DE OKAŇ

Şwesiýanyň "Jetson Aero" kompaniýasy 92 müň dollara satmak üçin hödürleýän uçýan awtoulaglaryň alyjylara gowşurylmaga taýýardygyny habar berdi. Elektrikli awtoulaglardan soň awtoulag tehnologiýasyndaky öwrülişik uçýan awtoulaglar bolar. Köp kompaniýalar öz uçýan awtoulaglaryny ösdürmek üçin eýýäm uly maýa goýumlaryny goýýarlar. Şeýle kompaniýalaryň biri şwesiýaly "Jetson Aero" kompaniýasy “Jetson One” atly şahsy uçýan awtoulag öndürdi we ony geçen ýyl 92 müň dollara satmak üçin...
ABŞ-nyň Milli allergiýa we ýokanç keseller institutynyň müdiri Dr. Entoni Fauki koronawirusyň “omikron” görnüşiniň pandemiýadan adaty endemiýa tapgyra geçmegiň alamaty bolup biljekdigini aýtdy. Endemiki kesel jemgyýetde hemişe bar. Şeýle-de bolsa, adatça pandemiýada bolşy ýaly, köp sanly adama täsir etmeýär ýa-da jemgyýetiň durmuşyna täsir etmeýär. Faukiniň pikiriçe, “omikron” Covid-19-yň pandemiýadan endemiki tapgyra geçmeginiň alamaty bolup biler, sebäbi başlangyç barlaglar onuň agyr kesele...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de taýýarlanylan resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag-logistika ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatyň başynda Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça konteýner gatnawlary üçin bäsdeşlige ukyply nyrhlar kesgitlenip, logistikany ösdürmek üçin...
Iň mynasyp aktýor we aktrisalar gözlenýär. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly täze taslama başlaýar we bu taslama babatda keşp ýerine ýetirjek aktýorlar üçin kasting yglan edýär. “Atavatan TV” YouTube kanalyndan tomaşaçylara ýetiriljek kinoserial üçin iň mynasyp aktýor we aktrisalary saýlap almak göz öňünde tutulýar. Täze taslamanyň  diňe bir meşhur aktýorlar üçin däl, eýsem öň köpçülik tarapyndan entek tanalmadyk, “gizlenip ýatan” talantlaryň hem...
Ýurdumyzyň sport we ýaşlar syýasaty ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Watanymyzyň bu ugurlarda gazanýan üstünliklerini dünýäde giňden wagyz etmek, türgenleriň sportuň dürli görnüşlerinde gazanýan uly üstünliklerini has-da artdyrmak, bu ugurda döredilýän şertleri mundan beýläk-de giňeltmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berildi. Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde kagyzda neşir edilýän köpçülikleýin...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
915FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar