TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Harby-deňiz mekdebi okuwa çagyrýar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebi okuwa çagyrýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.

Şol bildirişde bellenilip geçilişi ýaly:

1. 2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okamaga isleg bildiren, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw maksatnamasy boýunça 8-nji synpy tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edilýändigini habar berýäris.

2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw maksatnamasynyň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça test ýumuşlaryny ýerine ýetirmek hem-de türkmen dili dersi boýunça diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.

3. Dalaşgärler ýazgyda duran ýerleri boýunça etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilleriniň adyna 2021-nji ýylyn 1-nji maýyna çenli arza tabşyrmaly. Dalaşgärleriň resminamalary ýerli etrap we şäher harby wekilliklerinde kabul edilýär.

4. Dalaşgärler okuwa girmegiň tertibi boýunça giňişleýin maglumat almak üçin etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilliklerine ýüz tutup bilerler.

Kabul ediş topary

Suratyň çeşmesi:milligosun.gov.tm

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Täze karar : pandemiýa döwründäki daşary ýurt diplomyny ykrar etmek

Baş Redaktor

Türkiýede mekdepler ýene-de 1 hepdeden açylýar

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň döwrebap binasy gurlar

Teswirle