BILIM

Harby-deňiz mekdebi okuwa çagyrýar!

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa çagyrýarys!

  1. 2022-2023-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebi okamaga isleg bildiren, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny tamamlanda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edýändigini habar berýär.
  2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça test ýumuşlary hem-de türkmen dili dersi boýunça diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.
  3. Dalaşgärler ýazgyda duran ýerleri boýunça etraplaryň, etrap hukukly şäherleriňharby wekilleriniň adyna 2022-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli arza tabşyrmaly. Dalaşgärleriň resminamalary ýerli etrap we şäher harby wekilliklerinde kabul edilýär.
  4. Dalaşgärler okuwa girmegiň tertibi boýunça giňişleýin maglumat almak üçin etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilliklerine ýüz tutup bilerler.

Kabul ediş topary.

 

Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul etmek: 2022

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Russiýa bilim hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Saady Şirazyny hatyralamak gününe bagyşlanyp goşgy bäsleşigi geçirildi

3000-den gowrak gazak talyby ABŞ-da bilim alýar

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ylmy maslahat geçirildi

Türkmenistan “THE Asia Universities Summit 2026” çäresine gatnaşýar

Aşgabatda Halkara hytaý dili güni bellendi

Ata Watan Eserleri