BIZNES

Halkara maýa goýum forumy geçirilýär

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny we paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyny mynasybetli Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirilýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen forumyň guramaçylary hökmünde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi çykyş etdi. Şeýle hem bu forumyň ýokary derejede guralmagy üçin “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti hem-de “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň ýakyndan ýardam berdi.

 

FORUMA ULY GYZYKLANMA

Ýurdumyzda geçirilýän nebitgaz pudagyna degişli halkara forumlara gatnaşýanlaryň sany yzygiderli köpelýär. Şu ýyl hem bu foruma dünýäniň 42 döwletinden 500-e golaý wekiliýet gatnaşýar. Olaryň hatarynda 160-dan gowrak halkara nebitgaz we maýa goýum kompaniýalarynyň wekilleri hem bar. Şeýle hem forumda iri halkara we sebit maliýe guramalaryň, Halkara Energetika Forumynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Global gaz merkeziniň, Gazy eksportirleýän ýurtlaryň forumy ýaly köp sanly iri nebitgaz guramalarynyň wekilleri hem wekilçilik edýär. Bu foruma “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem gatnaşdy.

Forum dünýädäki koronawirus ýokanjy sebäpli iki görnüşde geçirilýär. Foruma gatnaşyjylaryň köp bölegi onlaýn tertipde gatnaşyp, forumyň çäklerinde çykyş edýänleriň çykyşlaryny diňlemäge mümkinçilik alýarlar.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň nebit we gaz pudagyndaky maýa goýum mümkinçilikleri, nebithimiýa taslamalary we bu ugurlardaky taslama mümkinçilikleri barada jikme-jik syn we dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary öz garaýyşlaryny we tejribelerini paýlaşmaga giň mümkinçilikler döredilýär.

FORUMYŇ ILKINJI SESSIÝASY

Forumyň ilkinji sessiýasy “Energetika bazarlarynyň ösüşindäki global tendensiýalar we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi” ady bilen geçirildi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili Baronessa Nikolson Uinterborn, Halkara Energetika Forumynyň Baş sekretary Jozef Mak-Monigl, Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsia Alisjahban, Hytaýyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem-de Azerbaýjanyň nebitgaz ulgamyndaky iri nebot kompaniýasy “SOCAR”yň ýolbaşçysy Rownag Abdullaýew dagy çykyş etdi.

Çykyş edenler Türkmenistanyň iri tebigy gaz eksport edýän ýurtdygyny hem-de uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýedigini bellediler. Ýurtda nebitgaz pudagynda iri taslamalar durmuşa geçirilip, eksport ugurly önümleriň önümçiligine hem giň orun berilýändigi bellenildi. Ýagny, tebigy gaz diňe bir çig mal görnüşinde däl-de, eýsem daşary ýurt bazarynda bäsdeşlik ukyby ýokary bolan önümleriň eksportuna hem has köp ähmiýet berilýändigi bellenilip geçildi.

 

«Ýuwentus» Super ligadan çykmasa, A Seriýadan çykarylar

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ep-esli ýokarlandy

Aşgabatda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda göni howa gatnawlary ýola goýlar

Özbegistan bilen Owganystan bilelikde tebigy gaz öndürer

Yrak türkmen gazy üçin Dubaý kompaniýasy bilen şertnama baglaşar

Paýtagtymyzda «OGT-2024» maslahaty geçiriler