SPORT

«Ýuwentus» Super ligadan çykmasa, A Seriýadan çykarylar

Italiýanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Gabriel Grawina, «Ýuwentus» klubynyň Ýewropanyň Super ligasyndan çykmasa, «Seria A» aýrylyp bilinjekdigini duýdurdy.

«Sky Sports»-yň habaryna görä, Grawina:

«Düzgünler hemmeler üçin deňdir. «Ýuwentus» indiki möwsüm başlamazyndan öň Ýewropanyň Super ligasyny terk etmese, Turin kluby «Seria A» gatnaşyp bilmez. Elbetde, bu ilkinji nobatda janköýerler üçin agyr bolar, ýöne düzgünler hemmeler üçin deňdir. «Ýuwentus» ýolbaşçylygynyň garşylygy ýakyn wagtda bes ediler diýip umyt edýärin» diýip, bolup biljek ýagdaýlar barada habar berdi.

Super ligany esaslandyryjylar bolan «Real», «Barselona» we «Ýuwentus» klublar özleriniň maddy ýagdaýyny gowulandyryp biljek Super ligadan çekilmek islemeýärler. Ýöne başda bu liga goşulan beýleki 9 toparyň ýaryşy terk edendigini hem aýtmak gerek.

Italiýanyň çempionatynyň soňky tapgyrynda «Milandan» 0:3 hasabynda asgyn gelen «Ýuwentus» geljek möwsümde UEFA-nyň çempionlar ligasyndaky ýerini hem ýitirmegiň bäri ýanynda dur. Eger klub çempionatda ilkinji dört ornuň birini eýeläp bilmese, indiki ýyl halkara ýaryşy Ýewropa ligasyndan ― yklymyň ikinji derejeli ýaryşyndan dowam eder.

Häzir «Ýuwentus» 69 utuk bilen ýaryş tertibiniň 5-nji basgançagynda.

 

Kino hepdeligine we kinofestiwala badalga berildi

 

 

Ýene-de okaň

Ahal» topary «Al-Ain» toparyny kabul eder

“Arkadag” topary – çempion

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň bijeleri çekildi

Ata Watan Eserleri

Gurban Berdiýewiň “Dinomasy” birinjilige geçdi

“Merw” (Türkmenistan) – “Rawşan” (Täjigistan): 1-1

Messi XXI asyryň iň güýçli futbolçysy