TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Halkara Frankofoniýa güni

Halkara baýramlarynyň senenamasynda Frankofoniýa baýramy 20-nji marta bellenendir. Bu baýram dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan fransuz dilini öwrenýän, oňa gyzyklanýan we ony suwara bilýän fransuz diliniň muşdaklaryny birleşdirýär. Halkara Frankofoniýa gününi geçirmek däbi biziň ýurdumyza-da ornaşdy. Her ýyl bu baýramyň çäklerinde gyzykly döredijilik bäsleşikleri geçirilip, oňa fransuz dilini halaýan türkmensitanly çagalar, ýetginjekler we ulular gatnaşýarlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki dilleriniň günleri ýaly fransuz dili güni her ýyl 2010-njy ýyldan bäri bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk BMG-nyň jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk departamenti tarapyndan öňe sürüldi. Onuň maksady dilliligi we medeni dürlüligi giňden belläp geçmek, şeýle hem guramanyň hemme ýerinde alty resmi diliň deň derejede ulanylmagyny öňe sürmekden ybaratdyr.

Frankofoniýa – dünýädäki fransuz dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň halkara guramasydyr. Ol dünýäniň dürli künjeginden 88 agzany özünde birleşdirýär. 1970-nji ýylyň 20-nji martynda Niger şäherinde bu guramany döretmek hakynda ylalaşyga gol çekilipdi.

Fransuz dili BMG-nyň alty iş diliniň biridir we köp sanly halkara guramasynyň resmi dilidir. Bu dil Fransiýadan başga-da Belgiýada, Şweýsariýada, Kanadada we beýleki köp ýurtlarda giňden gürlenýär. Häzirki wagtda fransuz dili daşary ýurt dilleriniň arasynda iň köp öwrenilmäge isleg bildirilýän dilleriň biridir. Ony gürläp bilýänleriň sany 300 milliona ýetýär.

Fransuz diliniň özi dünýäniň medeni gymmatlyklarynyň biri bolmagynda galýar. Hut şu dilde Wolter, Didro, Gýugo, Dýuma, Balzak, Rable ýaly meşhur ýazyjylar şu dilde gürläp, fransuz dilinde meşhur eserlerini ýazypdyrlar.

Allaberdi Öwlýagulyýew, TOHU-nyñ talyby.

 

Bütindünýä şygryýet güni

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Teswirle