TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Bütindünýä şygryýet güni

21-nji martda Halkara Nowruz gününiň bellenýän gününde dünýäde giňden bellenilýän baýramçylyklaryň biri hem Bütindünýä şygryýet günüdir.

Bütindünýä şygryýet güni her ýylyň 21-nji martynda bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk güni Birleşen Milletler  Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet guramasy bolan ÝUNESKO-nyň 1999-njy ýylyň 15-nji noýabrynda geçirilen Baş konferensiýasynyň 30-njy mejlisiniň karary bilen döredildi. Bu baýramçylyk güniniň döredilmeginiň esasy maksady hem şygyrýet äleminiň has-da ösmegine itregi bermekdir.

Ilkinji gezek Bütindünýä şygryýet güni ÝUNESKO-nyň baş edarasy ýerleşýän Pariž şäherinde bellenildi. Şeýle ajaýyp güniň döredilmeginiň netijesinde bolsa medeniýet bilen tanyşlyk bolýar, adamlar täze ýazyjylar bilen tanyşýarlar.

ÝUNESKO-nyň kararynda “Şygryýet häzirki zaman adamyň iň ýiti we çuňňur ruhy soraglaryna jogap bolup biler, ýöne munuň üçin jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekmeli” diýilýär.

Şygryýet gününi döretmek baradaky ilkinji başlangyç 1930-njy ýyllaryň ahyryna degişlidir: 1938-nji ýylda Amerikanyň Ogaýo ştatynyň  şahyry Tessa Suizi Webbiň  başlangyjy bilen 15-nji oktýabry – “Şygryýet güni” hökmünde  gadymy rim şahyry Wirgil doglan gününde  yglan etdi. 1951-nji ýyla çenli bu sene ABŞ-nyň otuz sekiz ştaty, şeýle hem Meksika tarapyndan ykrar edildi we Milli şygryýet güni hökmünde bellendi. Soňra bu gün beýleki ýurtlarda Bütindünýä şygryýet güni hökmünde bellenip başlandy. 1998-nji ýylda Marokkanyň teklibi bilen ÝUNESKO-nyň Baş Assambleýasynyň Ýerine ýetiriji komiteti Bütindünýä şygryýet gününi bellemek meselesine garady we şuňa meňzeş çäreleri dürli ýurtlarda geçirmegi maslahat berdi.

“Şygryýet – adamzada mahsus bolan dilleriň we medeniýetleriň ajaýyp dürlüligini kabul edýän özboluşly sungat görnüşidir. Şahyr adamy dünýä ýakynlaşdyrýar. Bize meňzeşlik, gepleşik we parahatçylyk ýaly düşünjeler bilen tanyşdyrýar. Bu, ony suratlandyrmak üçin ulanylýan köp sanly serişdäniň aňyrsynda adamzadyň barlygynyň ähliumumydygyna güwä geçýär” – diýip, ÝUNESKO-nyň baş direktory hanym Odre Azuleniň Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli iberen gutlag hatynda bellenilip geçilýär.

Jeýhun Baýramdurdyýew,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

 

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ispaniýanyň Patyşasyna gutlag hatyny iberdi

 

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Teswirle