TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Halk Maslahaty: söwda toplumy barada habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi.

Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda 2021-nji ýylda amala aşyrylan işleriň netijeleri boýunça hasabatlar berildi.

Şol hasabatlar boýunça söwda, dokma we hususy pudakda alnyp barlan işleriň netijelerini dykgatyňyza ýetirýäris.

  • Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça 2021-nji ýylda söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 1188 göterime deň boldy, öndürilen önümleriň möçberleri 111,6 göterime barabar boldy.
  • Hasabat döwründe 78 million 300 manat maýa goýumlar özleşdirilip, 25 sany söwda desgalarynyň durky täzelendi.
  • Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça 2021-nji ýylda öndürilen önümleriň umumy möçberi 3 milliard 295 million manada barabar boldy.
  • Hasabat döwründe 418 million manat maýa goýumlary özleşdirildi we Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda ýokary tehnologiýaly dokma toplumlary işe girizildi.
  • “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça 28 müň 351 inedördül metr haly we haly önümleri dokaldy.
  • Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 2021-nji ýylda 300 sany birža söwdalary geçirilip, umumy bahasy 44 milliard 932 million manada deň bolan şertnamalar hasaba alyndy.
  • Birža söwdalaryna daşary ýurtlardan 159 kompaniýa gatnaşyp, ýurdumyzda öndürilýän önümleri uly isleg bilen satyn aldylar.
  • Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan hasabat ýylynda 9 sergi we 49 maslahat gurnaldy.
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan 2021-nji ýylda önümçilik we durmuş maksatly desgalary giň gerim bilen gurlup ulanmaga berildi.
  • Şol sanda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen bölegi, paýtagtymyzdaky “Aşgabat” söwda-dynç alyş merkezi halkyň hyzmatyna berildi.

 

Halk Maslahaty: ulag we aragatnaşyk toplumy barada habarlar

Ýene-de okaň

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Saud Arabystanyda

Türkmenistan bilen Russiýa 15 resminama gol çekişdi

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Teswirle