Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

Meşhur sungat wekilleri bilen söhbetdeşliklerimize dowam edýäris. Biziň bu günki söhbetdeşimiz “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 1-nji şahamçasynyň “Altyn menzil” aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy halypa zenan bagşy Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa.

Aýdymlaryň dürli görnüşlerini ýerine ýetirýändigine garamazdan, esasan  hem, özüniň hüwdileri, ene hakyndaky aýdymlary bilen muşdaklarynyň ýüreginde söýgüsini gazanan halypa bagşy bu gün agtyk toýuny toýlaýar. Biz hem «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýty üçin Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa bilen söhbetdeşlik gurnadyk.

Halypa agtyk ýaşy uzyn bolsun!

Sag boluň, aýdanyňyz gelsin! Elbetde ene bolup agtyk görmek bu bagtyň iň çür başy diýip düşünýärin. Her bir adam özüniň nesilleriniň köpelip, olaryň hem Watana gerekli adam bolup ýetişmeklerini tüýs ýüreginden arzuw edýändir.

Halypa siziň bagşyçylyk sungatyňyza gyzyklanma bildirip, özümizi we ildeşlerimizi gyzyklandyrýan sowallarymyz bilen size myhmançylyga geldik. Eger mümkin bolsa sowallarymyza jogap beräýseňiz.

Baş üstüne!

Siz hem estrada hem halk aýdymlaryny ýerine ýetirýärsiňiz. Aýdymlaryň ýollary tapawutly, ýagny her haýsynyň ozüniň ýerine ýetirilişi, öz aýratynlyklary, öz usullary bar.

Her bir işiň başyna barmak üçin tebigat tarapyndan ukyp, zehin, başarnyk gerek. Şu zatlary kämilleşdirmek üçin saýlap alan ugruňdan halypa gerek. Zehini, başarnygy, ukyby özünde duýan adam ugurlaryň ählisine synanyşýar. Elbetde ol synanyşyk halkyň ýüreginden tursa, onda özüňde şol zatlaryň bardygyna ynanýarsyň. Özüňe bolan ynam käriňi dowam etdirmäge uly itergi berýär. Aýdym-saza bolan söýgi meni sungatyň ähli ugurlaryndan gitmäge hem-de kämilleşmäge uly ýol açdy. Döwrümiziň bagtyýarlygy, parahatlygy, hormatly Arkadagymyzyň Watanymyz üçin edýän tagallalary esasan hem medeniýet sungat ugruna açýan uly ýollary, goýýan hormaty meniň kalbymda aýdym aýtmaga hem-de kämilleşmäge has hem uly höwes döredýär. Şonuň üçin hem men başardygymdan halk aýdymlary, estrada aýdymlary, halk döredijiliginden aýdylan aýdymlary ýerine ýetirýärin. Meniň bu synanyşygym halkyň söýgüsini gazanandyr diýip pikir edýärin.

Ilkinji ýerine ýetiren aýdymyňyz haýsysy? Estradamy ýa-da halk?

Aýdym aýtmaga 5-nji synpda okaýarkam başladym we şonda ilkinji ýerine ýetiren aýdymym estrada aýdymy boldy…

Haýsy aýdym?

Belli kompozitorlarymyzyň çagalar üçin döreden aýdymlary, ýagny “Ak pagtam”, “Körpäm” ýaly we başgada birnäçe çagalar üçin döredilen aýdymlary ýerine ýetirip başladym.

Halk aýdymlaryna haçan başladyňyz?

Halk aýdymlaryna halk aýdymy ýerine ýetirýän bagşylarymyzyň aýdymlarynyň hörpine düşünip başlamsoň aýtmaga bolan höwes döredi. Biziň maşgalymyzda halk aýdymlary ürç edilip diňlenýärdi. Esasan hem halypa bagşylar Sahy Jepbarow, Magtymguly Garlyýew, Orazgeldi Ylýasow, Nabat Nurmuhammedowa dagylaryň aýdym aýdyş ýollary meni özüne çekýärdi. Şeýdip hem şolaryň aýdymlaryny gaýbana diňläp halk aýdymlary ýerine ýetirip başladym. Mekdebi tamamlap, dil öwrenmek höwesi bilen D. Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň roman-german fakultetiniň iňlis dili bölümine okuwa girdim. Talyp ýyllarym halk aýdymlaryň aýdylyş özenini has hem berkitmek maksady bilen häzirki Maýa Kuliýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň halk aýdym-sazlary ugrundan halypalara gatnadym. Şondan bäri hem estrada hem halk aýdymlary ýerine ýetirýärin.

Haýsy aýdymlar size meşhurlyk getirdi?

Halk aýdymy “Selbiniýaz”, “Balsaýat” hem-de ene hüwdilerimiz.

Size diňe bir aýdym sungatynda däl eýsem teatr sungatynda hem öz zehiniňizi görkezmek miýesser etdi.

Okap bilersiňiz  Toýguly Jepbarow :Kalba siňýän aýdymlar

Esasy halk aýdymlaryny ýerine ýetiremsoň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry tarapyndan maňa işlemäge, keşpleri janlandyrmaga çakylyk geldi. Meşhur dessanlarymyzdaky goşgy setirlerine we nusgawy şahyrlarymyzyň sözlerine halk tarapyndan düzülen aýdymlara halk aýdymlary diýilýär. Adyndan belli bolşy ýaly, bu teatr sazly drama teatry bolany üçin ol ýerde esasan hem dessanlardan oýunlar sahnalaşdyrylýar. Muňa mysal edip, “Saýatly Hemra”, “Şasenem Garyp”, “Hüýrlukga-Hemra”, “Görogly” şadessanyndan “Harmandäli” ýaly birnäçe dessanlar  sahnalaşdyryldy. Agzap geçilen dessanlardan “Şasenem Garyp” dessanynda baş gahryman Şasenemiň keşbini, “Hüýrlukga-Hemra” dessanynda Bilbilgöýäniň keşbini, “Harmandälide” baş kenizleriň biriniň keşbini ýerine ýetirmek maňa ynanyldy. Şol keşpleri ýerine ýetirmek döredijilik ýolumda has kämilleşmäge uly ýardam berdi.

Siz esasan hem halk aýdymlary ýerine ýetirmek bilen meşhurlyga eýe bolduňyz.

Elbetde, halk aýdymlary biziň halkymyzyň milliligi. Millilik bolsa halkyň äşgärligi. Halk aýdymlary bilen halkyň sungatyny äşgär etmek bu meniň döredijiligimiň esasy özeni.

Durmuşyňyzdaky ýatdan çykmajak pursatlaryňyz barada gürrüň beräýseňiz!

Durmuşda ýatdan çykmajak pursatlar kän. Şolaryň esasylary hormatly Prezidentimiziň meniň döredijiligime beren bahalary, hormatly atlary, 2008-nji ýylda “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly ady, 2014-nji ýylda “Türkmenistanyň halk artisti” diýen ady hut öz eli bilen gowşurmagy bular meniň durmuşda esasy ýatdan çykmajak pursatlarym. Munuň üçin men hormatly Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýaryn! Ýene-de ýatdan çykmajak pursatlarymyň biri hem 2009-njy ýylda Özbegistan respublikasynyň Samarkant şäherinde ýylyň ýylyna geçirilýän “Şark taronalari” festiwalynda dünýä boýunça baş baýragy almak maňa miýesser etdi. Bu üstünlik diňe meniň däl-de bütin türkmen halkynyň sungatynyň üstünligi diýip düşünýärin. Sebäbi türkmen halk aýdym-sazlarynyň owazynyň owadanlygy islendik diňleýjiniň ýüregini özüne maýyl edýär. Şu pursatlar meniň iň bir ýatdan çykmajak pursatlarym.

Elbetde täze aýdymlar hem döredýänsiňiz.

Täze aýdymlaryň döremegine ylham gerek. Elbetde, biziň ýurdumyzda hormatly Arkadagymyzyň saýasynda döredijilik işgärine ylham almaga pursatlar kän. Watanymyzyň abatlygy, asudalygy, parahatlygy Watan hakyndaky aýdymlary döretmäge, hormatly Arkadagymyzyň edýän işleri hakyndaky aýdymlary aýtmaga uly ylham berýär. “Watanym”, “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany”, “Eziz Arkadag”, “Ýollar Arkadag bilendir” aýdymlary ýaňy-ýakynda döredip halkymyza hödürledim. Söýgi hakyndaky aýdymlary, enelerimiz hakyndaky aýdymlary täzelikde halkymyza hödürledim. Geljekde täze aýdymlaryň üstünde işlemek we diňleýjilerimize hödürlemek meniň esasy maksadym.

Şu pursatda milli aýdym-saz sungatymyzyň hak howandary, bagtyýarlygy, gözelligi, aýdym-sazly dünýäni bize peşgeş beren hormatly Arkadagymyza bagşy kalbymdan sagbolsunlarymy aýdýaryn. Goý Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin! Toýlarymyz toýlara ulaşsyn!

Halypa beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!

Sag boluň!

Söhbetdeş bolan Ajap Rejepowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

 

 

Kyrk gyz gowagy: Ajaýyp wideo şekiller Size garaşýar

Gyzykly söhbetdeşlikleri we beýleki habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň! Siz şeýle hem Google Plaý-dan “Atavatan Türkmenistan” ýazyp gözleg edip hem ýükläp bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  Beýleki Şypahanalar halka hyzmat eder