MEDENIÝET

Gyzyl we gök daglaryň rowaýaty…

Siz gök daglar, gyzyl daglar barada eşidipmidiňiz? Eger «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenary bilen demirgazyga tarap gidip, Üstýurt platosynyň günorta çetlerinden günbatara, ýagny, Gyzylgaýadyr Goşa obalaryna ýoluň düşse, ol daglary has golaýdan synlamak mümkin. Olar barada birmahallar rowaýat kysmy söhbetlerden söz açypdyrlar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde çap edilen Muhammet Bekgiýewiň  “Zemindäki älemgoşar” atly makalasynda bellenilip geçilipdir.

Olaryň birinde köp asyr mundan ozal bu ýerde hanasyna sygmaýan ummanyň dolup-daşandygy barada aýdylýar. Onda läheň balyklar, täsin ösümlikler örän köp bolupdyr. Tebigatyň üýtgemegi, kem-kem gurak howa akymynyň aralaşmagy ummanyň suwunyň çekilmegine, janly bedenleriň tas hemmesiniň diýen ýaly ýitip, ýok bolup gitmegine getiripdir. Häzirki Hazar deňzi bolsa şol ummanyň «mirasdüşeri» bolup galypdyr. Şonuň üçin-de bu ýerdäki äpet baýyrlyklary synlanyňda hem özüňi suwy çekilen ummanyň içinde ýaly duýýarsyň. Daglaryň reňki bolsa, ýaz paslyndaky ýaşyl begresli sähra-seleňleri ýadyňa salýar. Asyl-ha, şol çäklere aralaşanyňda, Gamyşlyja belentliginiň täsin görnüşleri seriňi jadylaýana çalymdaş. Şol halat özüňi ertekiler dünýäsinde ýaly duýýarsyň. Ol ýerde bolsa ähli zat başgaça. Gündogara garasaň, daňyň owuz süýdi kimin agaryp atyşy-da, ojaryň közüni ýadyňa salýan, giden gözýetime çaýylan gyrmyzy şapakda, tyllaýy Kuýaşyň ýalbyrap dogup gelşi-de özge ýerlerden üýtgeşik. Bu ýerde daglar bilen daglar birleşýär, «daglaryň üstünden daglar görünýär». Bir ýanynda bolsa gözýetime ýetirmeýän baýyrlyk agynap ýatyr. Şol seleňläp-howalanyp duran daglaryň giden hatary gyzyldyr gök, ak reňklerden ybarat.

Goşa obasynyň ýaşulularynyň gürrüň bermegine görä, obanyň günbatarynda ýerleşýän Gyzyl güp baýyrlygynyň üstüne çyksaň, läheň balyklaryň dişlerine, dürli şekildäki balykgulaklara duş gelmek bolýar. Bu sähralar, bu taryhy ýerler heniz gulpy ýazdyrylmadyk, içi gymmatly maglumatlardan püre-pür bolan sandygy ýatladýar.

Türkmenbaşy şäherinden 140 — 150 kilometr günortada — Goşa oba geňeşliginiň çäginde üç reňkli — ak, gök, gyzyl reňkli baýyrlyklar ýerleşýär. Ýagyş suwy olaryň ýüzüni erez-erez, jylga-jylga edipdir. Ýerli gepleşikde şeýle baýyrlara gyýa diýilýär (ähtimal, «gyýmak» işligindendir). Diýmek, bu at «ak, gök, gyzyl reňkli erez-erez baýyrlyk» diýen manydadyr. Şu görnüşleri synlap durşuňa, bir pikir seriňde perwana kimin pelpelleýär: bu mübärek, keramatly är-pirleriň gadamy düşen topragy türkmen sähralygynyň fenomen derejesine göterilen ýeri hasaplamak mümkin.

Bu jelegaýlarda keramatly ýerler, tebigy täsinlikler başga-da bar: Gözli atanyň, Gaýtarmyş atanyň aramgähleri ýerleşýär. Bu keramatly ýerleriň taryhy il içindäki rowaýatlar bilen utgaşyp gidýär.

 

Ýyladyşhanada işlemek üçin iş orny

Ýene-de okaň

Türkmenistanda awgust aýynda geçiriljek esasy çäreler

«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry üstünlikli geçirildi

Italiýada Türkmenistanyň arheologik üstünlikleriniň sergisi geçiriler

2026-njy ýylda Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler

«Pa­ra­hat­lyk aý­dy­my» at­ly tä­ze film tomaşaçylara hödürlendi

«Balkan Trip TV» teleýaýlymy türkmen zergärleriniň ussatlygy barada gepleşik taýýarlaýar