TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Gyzykly maglumat: «Azatlyk heýkeli», aslynda, Amerikada gurulmandyr

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky «Azatlyk heýkeli» fransuz heýkeltaraşy Eduar Rene Lefewr de Labuleniň ýolbaşçylygyndaky topar tarapyndan 1884-nji ýylda Pariž şäherinde ýasalypdyr. Topar şol ýylyň 8-nji awgustynda täze heýkeli doly tamamlaýar we ol sowgat hökmünde ABŞ-a ugradylýar. Heýkeli ABŞ-a böleklere bölüp, gämiler arkaly aşyrypdyrlar.

Şeýlelikde, heýkel amerikaly binagär Riçard Torris Hantyň ýolbaşçylygyndaky topar tarapyndan Nýu-Ýork şäherinde dikilýär. Heýkeliň açylyş dabarasy 1886-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda bolupdyr. Heýkeliň uzynlygy 93 metre, agramy bolsa 205 tonna ýetýär. Heýkeliň ― «ot göterip duran zenanyň» barmagynyň uzynlygy 2,4 metre, oduň uzynlygy bolsa 8,8 metre ýetýär.

Heýkeliň gurluşygynda ulanylan serişdeler hem ünsüňizi çekýän bolsa gerek. Ol betondan, demirden, misden we altyndan ybarat.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Çehiýa: diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl doldy

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň deputatlary Türkmenistandaky saýlawlara synçy hökmünde çagyryldy

Türkmenistan Azerbaýjanyň Eýrandaky Ilçihanasyna bolan hüjümi ýazgardy

Baş Redaktor

Teswirle