BILIM

Gysga möhletli okuwa çagyrýar

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysatçy hünärmenleri taýýarlaýan okuw merkezi aşakdaky ugurlar boýunça gysga möhletli (we hünär taýýarlygy) okuwlara kabul edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

1) Buhgalter — 10 aý.

2) Bank işiniň operatory — 10 aý.

3) Işewürlik we telekeçilik — 10 aý.

4) Işewürlik-informatika — 10 aý.

Okuwlara 35 ýaşa çenli, orta bilim hakyndaky resminamasy bar bolan raýatlar kabul edilýär. Okuwlar tölegli.

Resmi iş kagyzlary 2021-nji ýylyň 20-nji — 28-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada müdiriň adyna ýazylan arza;

— umumy orta bilim baradaky resminamanyň asyl nusgasy;

— pasportynyň göçürmesi;

— saglyk kepilnamasy;

— soňky okuw ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— zähmet depderçesiniň göçürmesi (iş tejribesi bolanlar üçin);

— harby bölümde hasapda durýandygy barada resminama (oglanlar üçin).

Okuwlar 1-nji sentýabrda başlanýar.

Salgymyz: Aşgabat şäheriniň 1972-nji (Atatürk) köçesiniň 73-nji jaýy. Telefon belgilerimiz: 48-62-95, +993-65-42-59-21.

 

ABŞ-da ygtyýarnama alan ilkinji sanjym

 

Ýene-de okaň

Türkmen talyplary we okuwçylary halkara bäsleşiklerde jemi 1 müň 549 medal gazandy

Türkmenistanyň ilçisi Ahi Ewran uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Dünýäniň iň gowy türk uniwersitetleri

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim edaralarynda halkara internet olimpiadalary geçiriler

ABŞ Türkmenistanyň bilim başlangyçlaryny goldamaga taýýar