SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ABŞ-da ygtyýarnama alan ilkinji sanjym

ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri müdirligi (FDA) Amerikanyň “Pfizer Inc” we Germaniýanyň “BioNTech” tarapyndan işlenip düzülen “Covid-19” ýokanjyna garşy sanjymy üçin hemişelik rugsatnama berdi.

Şeýlelik bilen, döwlet düzgünleşdiriji edarasy sanjymyň kliniki synaglaryň doly tapgyrynyň üstünlikli bolandygyny mälim etdi.

Bu, adaty düzgünlere laýyklykda ABŞ-nyň hökümetiniň doly we gutarnykly tassyklanan ilkinji Covid-19 sanjymydyr.

Mälım bolşy ýaly, ABŞ-nyň degişli edarasy dekabr aýynda adatdan daşary ýagdaý sebäpli “Pfizer/BionTech” sanjymyny wagtlaýyn ulanmaga rugsat beripdi. Şol bir wagtda “Moderna” hem-de “Johnson & Johnson” sanjymlary ýönekeýleşdirilen tertipde ygtyýarnama alypdy. Umuman alanyňda, 204 million amerikaly bu sanjymlardan aldy.

“Şu gün FDA ilkinji Covid-19 sanjymyny tassyklady. İPfizer / BionTechİ ady bilen tanalýan bu sanjym “Comirnaty” ady bilen satuwa çykarylar “-diýip, ABŞ-nyň degişli edarasynyň metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

bu sanjym 16 we şondan ýokary ýaşly adamlara profilaktiki sanjym üçin tassyklandy.

FDA-nyň başlygy Jaent Wudstok sanjymyň howpsuzlygyna, netijeliligine we sanjym taýýarlananda ýokary hilli standartlarynyň berjaý edilendigini mälim etdi.

FDA-nyň bu rugsatnamasy döwlet edaralarynyň we hususy iş berijileriň öz işgärlerine hökmany sanjym girizmek mümkinçiligini giňeltjekdigi mälim edildi.

 

Anželina Joli “Instagramda” hasap açdy

Ýene-de okaň

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy

Türkiýäniň ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklary

Ata Watan Eserleri

Balkanda we Lebapda 150 orunlyk, Maryda 200 orunlyk onkologiýa hassahanasy gurlar

Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri ornaşdyrylar

Türkmenistan Gruziýadaky Bütindünýä syýahatçylyk forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniñ jana şypaly şypahanalary