JEMGYÝET

Gyrgyzystan-Özbegistan-Gazagystan resmi däl duşuşyk

Mälim bolşy ýaly, Gyrgyzystan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygyny kabul edýär.

Bu sammite gatnaşmak üçin Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gyrgyz Respublikasynyň meşhur syýahatçylyk merkezi bolan Yssyk-Kul kölüniň kenaryndaky Çolpon-ata şäherine bardylar.

Gyrgyz metbugatynyň habaryna görä, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow gazak we özbek kärdeşleri bilen resmi däl duşuşyk geçirdiler. 3 ýurduň döwlet Baştutanlary teplohod bilen kölde gezelenç etdiler we özara gatnaşyklar boýunça pikir alyşdylar.

Ertir Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygy geçiriler. Onda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen köp sanly resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

 

Merkezi Aziýanyň Prezidentleriniň sammiti geçiriler

 

Related posts

Azerbaýjanyň Aşgabatdaky ilçihanasy energetika boýunça maslahat geçirdi

Ata Watan Eserleri

«Segway» täze kapsulany synagdan geçirdi

vepa

Türkmenistan bilen Russiýa strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça Jarnama gol çekdiler

Ata Watan Eserleri